Güýz oýlanmasy

31 Oktýabr 2023
1243

Güýzüň iň soňky aýyna gadam basdyk, ýogsa «Güýz geldi» diýip begenip ýörenimiz ýaňy ýalydy. Bagtly pursatlaryň tiz geçýändigi hem hakykat. Güýzde sergin howanyň täsiri ýüreklerimizi heýjana salsa, asmany bezäp, hatar gurap barýan durnalaryň gykuwlaşmagy müň dürli oýlara batyrýar. Durnalaryň kerweni indi ençeme gezek gözlerimiziň öňünden galgap geçýär, her gezek olar ganatyny galgydanda: «Ine, adamlar, ömrüňiziň ýene bir ýylyny alyp biz mähir tapan mekanymyzdan alyslara uçup barýarys» diýýän ýaly zaryn hoşlaşýarlar. Biz bolsa olaryň ýene-de gaýdyp gelerine umyt bildirip, ýagşy dileg edip galýarys.

Ir döwürler enem janyň durnalar hakyndaky aýdanlary bolsa häli-häzirem ýadymdan çykanok. Ol: «durnalaryň uçup gidenini görmek oýlandyrýan duýgy bolsa-da, gaýdyp gelenini görmek ykbalyň iň uly sowgadydyr» diýerdi. Çünki durnalaryň hatar gurap uçmagy, olaryň hoşlaşyk aýdymy kysmy mukamy adam ömrüniň görnüp duran mysalyna meňzeýär. Tebigatyň kanunynyň üýtgewsizligi pasyllaryň hem-de nesilleriň çalşygyny amala aşyrýar.

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar