Güýzüň gök maýsasy, ak atyzlary

29 Oktýabr 2023
1508

(Publisistika)

Bu meýdanlaryň beýle owadandygyny! Giden meýdanyň gök maýsasy adaja şemala çala tolkun atýar weli, ýer berekediniň iň naýbaşy ekini hasaplanýan ak bugdaý hasylly günlerine howlugyp, göge gol uzadyp barýan ýaly. Şol goly bolsa siňe synlasaň, keremli topraga ganymat kök uran dikje baldaklary. Şol baldaklardan eýýäm penje hem ýaýrap ugrapdyr. Daýhan eždatlarymyz bolsa: «Mizanda ekilen ak ekin akraba çenli penje görkezse, orak wagty gabyňy giňden açyber!» diýip aýtmanmy näme?!

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar