Maşgala ― mukaddes gala

27 Oktýabr 2023
1415

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Halaç etrap birleşmeleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap polisiýa bölüminiň işgärleri bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. Etrap medeniýet öýünde geçirilen çäre «Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna eýermekde maşgala mukaddesliginiň möhüm orny» diýip atlandyryldy.

Adyndan hem belli bolşy ýaly, çäre maşgala mukaddesligini goramak bilen bagly meselä bagyşlandy. Çärede maşgalanyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, ýaşlary hünäre höweslendirmek babatynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryna esaslanyp, berlen maslahatlardyr maglumatlar ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi. Şunda sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem maşgaladan başlanýandygyna üns çekilip, hut şu mesele babatynda ýaşlara görelde bolmak maslahat berildi.

Güljahan BAZAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar