Şeýle at bilen welaýat kitaphanasy bilen bilelikde geçiren bäsleşigimize Balkanabat bagçylyk müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan düzülen soraglara jogap bermekde, «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky nakyllaryň dowamyny ýazmakda, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okamakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde «Gül Diýar» topary birinji, «Ussat» topary ikinji, «Gözellik» topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.