Öýüň goragçysy, halkyň guwanjy

25 Oktýabr 2023
2318

Türkmen itleriniň ukyp-başarnyklary müňýyllyklaryň dowamynda has kämilleşipdir. Geçmişde alabaýlaryň eýelerine wepaly bolup, her hili howp-hatarlardan gorandygy, jeňlere gatnaşyp görkezen batyrlyklary barada gyzykly maglumatlar juda köp duş gelýär.

Alabaý itleriniň örän gadymy döwürlerden bäri dürli maksatlar üçin ösdürilip ýetişdirilendigini, olaryň has gadymdan ynsanyň aýrylmaz ýoldaşy bolup gelýändigini ýurdumyzyň çägindäki arheologiýa ýadygärliklerinde duş gelýän tapyndylar hem subut edýär. Gadymy Jeýtun obasyndan biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllyga degişli itiň ystyhany ýüze çykarylýar. Onuň ägirt uly kellesi türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde äpet itlere eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy ýadygärliklerde itleriň heýkeljikleri hem köp tapylýar. Olarda itleriň gulak-guýruklarynyň gysgaldylandygy mesaňa görünýär. Bu däp biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Hun türkmenleri gözi açylmadyk güjükleri eneleriniň emdirmeginden aýryp, olary öz elleri bilen iýmitlendiripdirler. Ulalan it özüniň ekleýjisini ýatda saklap, oňa wepaly hyzmat edipdir. Harby maksatlar üçin taýýarlanylýan itleri hem şeýle usullarda terbiýeläpdirler.

Agamyrat TAGANOW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy.
Beýleki habarlar