Möhüm möwsüme taýýarlyk bilen

25 Oktýabr 2023
1149

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri seýrek duş gelýän haýwanlary goramak, olaryň baş sanyny artdyrmak, ylmy taýdan öwrenmek işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Bu möhüm işlere gyş paslynyň öň ýanynda has-da guramaçylykly çemeleşilýär. Ýörite habarçymyz Hudaýberen Palekeýew bu babatda häzirki günlerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykowa ýüz tutdy. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

— Hormatly Prezidentimiz türkmen tebigatyny asyl durkunda gorap saklamak, ony has-da baýlaşdyrmak we abadan ýagdaýda geljekki nesillere ýetirmek boýunça biziň öňümizde anyk wezipeleri goýdy. Şu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda giň maksatnamalaýyn işleri alyp barýarys. Edilýän tagallalar ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilýär.

Beýleki habarlar