Reňki dürli, tagamy datly

25 Oktýabr 2023
1247

Miweleriň we gök önümleriň bişip ýetişýän döwründe olaryň diňe bir tagamlylygy, ýokumlylygy däl, eýsem, reňkleriniň köpdürlüligi, şeýle hem adam bedenine ýetirýän täsirleri ylymda nähili düşündirilýärkä?! Şu babatdaky täsin maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.

Ilki düwen miweleriň ählisiniň reňki ýaşyl bolýar. Olarda fotosintez hadysasynyň geçmekligi dowam edýär. Diýmek, şeýle miwelerde hlorofill tegmili saklanyp, ýaşyl reňkiň ýüze çykmagyna getirýär. Miweleriň ulalmagy bilen hlorofill dargap başlaýar we olarda beýleki reňkleri ýüze çykarýan tegmiller emele gelýär. Miweleriň şeýle köpdürli reňkleriniň bolmaklygy tebigatdaky jandarlaryň ünsüni çekmek bilen, ösümlikleriň tohumynyň ýaýramagyna itergi berýär.

Eziz ARTYKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar