Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. 2019-njy ýylda döredilen bu paýdarlar jemgyýeti uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen 1200 gektar meýdanda oba hojalyk ekinleriniň, miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bilen, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna saldamly goşandyny goşýar.
Paýdarlar jemgyýetiniň düzümindäki «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetiniň bäş gektar meýdanyny döwrebap ýyladyşhana toplumy eýeleýär. Onda banan ösdürilip ýetişdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýyladyşhana toplumynda bu subtropik ösümligiň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşinden ilkinji hasyl ýygnaldy. Ilkinji ýylda her düýpden 35—40 kilograma golaý hasyl almagy başaran işewürleriň del tagamly bananlary şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat bolup, ildeşlerimiziň toý saçagyny bezedi.