Muny bilmek gyzykly

22 Oktýabr 2023
1677

Güýz paslynda almalaryň dürli görnüşleri ýetişýär. Aslynda, alma örän ýokumly, witaminlere baý miwe hasaplanýar. Elbetde, almada bar bolan ýokumly maddalar beýleki käbir miwelerde hem gabat gelýär. Emma almanyň düzümindäki ýokumlaryň birleşmesi has ygtybarly hasaplanýar. Bu ýokumly miwäniň düzüminde demriň saklanýandygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Şonuň üçin hem lukmanlar almany gündelik iýmegi maslahat berýärler. Munuň özi adamyň saglygy üçin örän peýdalydyr. Almanyň dişlerimiz üçin hem peýdalydygyny bellemek gerek. Almanyň şiresi dişleriň syrçasyny zaýalaýan bakteriýalary ýok edýär. Alymlar dünýäde almanyň iň peýdaly miwäniň biridigini ylmy barlaglaryň netijesinde subut etdiler.

* * *

Jennet BABAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar