Iň beýik şaglawuk

10 Oktýabr 2023
1439

Wenesuelanyň Boliwar ştatynyň Kanaýma milli seýilgäh zolagynda ýerleşýän Anhel şaglawugy dünýäde iň beýik şaglawukdyr. Şaglawuk ýurduň iň beýik Auýan-Tepui dagyndan gözbaş alyp, dagdan aşaklygyna inýär. Onuň daş-töweregini daglyklaryň gaýalary hem-de jeňňellikler, tropiki tokaýlyklar gurşap alýar. Şaglawuk 1933-nji ýylyň 10-njy noýabrynda uçarman-syýahatçy Jeýms Angel tarapyndan açylýar we soňy bilen onuň ady bilen atlandyrylýar. Şaglawugyň ady türkmençä terjime edilende «perişde» diýmegi aňladýar.

Anhel şaglawugynyň ini 100 metrden gowrak, beýikligi bolsa 1000 metrden hem geçip, ol dünýä belli Niagara şaglawugyndan 17-18 esse beýikdir. Beýikligi boýunça ikinji ýerde bolan şaglawuk Günorta Afrikadaky Natal Respublikasynda ýerleşýär. Tugela diýlip atlandyrylýan bu şaglawuk 948 metr beýiklikden aşak inýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Tawus AKMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar