Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» 942-nji Karary esasynda ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenýän ýeňillikli karzlar: Oba hojalyk önümlerini öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin hem-de maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, olary saklamak, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin berilýär.
Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karzlary bermegiň möhletleri we göterimleri şu aşakdaky tertipde kesgitlenilýär: