Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Merdan Orazdurdyýewe degişli bolan «Bereketli jaý» hususy kärhanasy hem ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant goşýan bereket çeşmeleriniň biridir.
Dänew etrabynyň Maý geňeşliginde ýerleşýän bu hususy kärhana 2018-nji ýylda işe başlady. Hususy kärhananyň düzüminde üç bölekden ybarat döwrebap ýyladyşhana bilen bir hatarda maldarçylykdyr guşçulyk toplumlary hem hereket edýär. «Bereketli jaýyň» iş dolandyryjysy Arslan Hudaýberdiýewiň aýtmagyna görä, hususy kärhananyň ýyladyşhanalaryndan pomidoryň ýüzlerçe tonna hasyly alnyp, içerki bazar bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Owganystan ýaly ýurtlara-da eksport edildi. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýyladyşhanada işçi-hünärmenleriň ýigrimiden gowragy yhlasly zähmet çekýär.