Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda hem-de täze kärhanalary, goşmaça iş orunlaryny döretmekde, sanly ulgamy ähli toplumlar bilen bilelikde oba hojalygyna ornaşdyrmakda ýurdumyzyň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça başyny başlan taslamalary hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary esasynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyza getirilýän import harytlaryň möçberini tapgyrlaýyn esasda azaltmak boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hususy işewürler tarapyndan oba hojalygy pudagynda-da netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary tarapyndan dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary höweslendirmek maksady bilen, ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda telekeçilik üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär. Şunuň netijesinde hususyýetçi daýhanlar keremli türkmen topragymyza yhlas siňdirip, rysgal-bereket tapýarlar. Bu hakykata Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary tarapyndan gazanylýan üstünlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hususyýetçi daýhanlar etrabyň çäginden bölünip berlen müňlerçe gektar meýdanda badam, pisse, alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglary hem-de käşir, sogan, ýeralma ýaly gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler.