Üns beriň, bäsleşik!

6 Sentýabr 2023
1065

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimligi, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilen bilelikde «Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

«Beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr» diýýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda öňde goýýan belent wezipelerinden we ýaşlara bildirilýän uly ynamdan ugur alyp geçirilýän bu döredijilik bäsleşiginiň maksady «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk gelýän, «ýaşyl» tehnologiýalara we iň täze innowasion çözgütlere daýanylyp gurlan Arkadag şäheriniň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini, kämil arhitektura we gurluş aýratynlyklaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezmekden, şeýle-de zehinli türkmen ýaşlarynyň täze şäheriň gurluşyk taslamasyna goşan goşantlaryny wagyz etmekden ybaratdyr.

Beýleki habarlar