Ýokary hilli azyk önümleri, aýratyn-da, süýt önümleri ähli ýaşdaky adamlaryň saglygy üçin peýdalydyr. Hormatly Prezidentimiziň döredýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde türkmen telekeçileri ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk önümlerini öndürip, içerki bazarlary üpjün etmekde hem-de daşarky bazarlarda ýerlemekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Milli öndürijileriň hatarynda halkymyza hödürleýän azyk harytlarynyň görnüşleriniň köpdürlüligi we möçberi babatda «Täze Aý» öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Guwançmyrat Orazowa degişli «Täze Aý» haryt nyşanly doňdurma we süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanada häzirki wagtda süýt önümleriniň uly möçberi, doňdurmanyň köp dürli görnüşleri we beýleki azyk harytlary öndürilýär. Ýokary hili we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan, halkara hil ülňülerine doly laýyk gelýän önümleri öndürýän kärhana ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýar. Bu önümler amatly bahasy bilen tapawutlanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen mynasyp bäsleşýär.