Hojaidat galasynyň taryhyndan

22 Awgust 2023
1602

Merkezi Aziýa ýurtlaryna degişli uly şäherler we galalar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, söwda gatnaşyklarynyň ýüze çykmagynda, senetçiligiň hem-de ösen medeniýetiň emele gelmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa, Zemmden Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlaryny üstünden geçirýändigi üçin geografik taýdan amatly ýagdaýa eýe bolupdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda halkymyzyň baý taryhy, türkmen topragynyň gadymy döwürlerden bäri söwda ýollarynyň merkezinde ýerleşýändigi, şol döwrüň halkynyň hal-ýagdaýy, kerwenleriň düşleýän mekanlary bolan uly ilatly taryhy ýerleriň, şäherleriň, ululy-kiçili bazarlaryň we kerwensaraýlaryň gurluş aýratynlyklary giňişleýin açylyp görkezilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda geçirilýän ylmy-barlag, gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan dürli eýýamlara degişli tapyndylar, biziň günlerimize çenli gelip ýeten rowaýatlar hem şaýatlyk edýär.

Ogulgerek AGAJANOWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar