Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmäge, ähli ulgamlarda amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem giňden ykrar edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu habar diňe bir ýaşlarda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli raýatlarynda uly şatlyk we buýsanç duýgusyny döretdi.
Hususan-da, ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYС) resmi agzasy bolup durýandygyny uly şatlyk bilen habar berdi.