Milli terbiýe — asylly ýörelge

20 Awgust 2023
2047

Öz neslinde kämilligi görmek isleýän halkymyz hemişe maşgala terbiýesine aýratyn üns berýär. Her bir maşgalada terbiýäniň gözbaşy hökmünde ata-babalarymyzdan gelýän edep-ekramlylyk, asyllylyk, mylaýymlyk, mertlik ýaly ýörelgelerden ugur alynýar. Terbiýe meselesinde hiç hili ýalňyşlyga ýol bermegi gowy görmeýän halkymyz öz milli terbiýesine togaplydyr.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Käte maşgalada ene-atalaryň çagalaryna dözmezçilikden, ýüregi ýukalykdan öýüň bar aladasyny özleri edýän halatlary bolýar. «Ýaşlar ýaşlygyň hözirini görsünler, öz başlaryna düşende ederler» diýýärler. Ýöne şeýle ýagdaýda ýyllaryň dowamynda toplanýan tejribe hem-de ýagşy endikler gözden düşürilýär». Çagalary näçe gowy görsegem «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilýän halk pähimini unutmaly däldiris. Şonuň üçin hem terbiýe, esasan, maşgalada, mekdepde berilýär. Bu babatdaky tagallalaryň birleşmesi bolsa terbiýäni maksadyna ýetirýär. Bu meselede ata-eneleriň, mugallymlaryň orny örän uludyr.

Altyn SARYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar