Ähli döwürlerde-de ornuny hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan gymmatlyklaryň hatarynda mynasyp orun alan kitaba halkymyz hemişe uly baýlyk hökmünde garapdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halk döredijilik eserleriniň we nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleriniň gaýtadan neşir edilmegi hem şol garaýyşdan ugur alýar.
Ajaýyp zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan höwesi barha artýar. Olar, esasanam, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri, milli mirasymyza degişli kitaplary we çeper edebiýatlary uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Şol kitaplarda halkymyzyň dünýä nusgalyk ýol-ýörelgeleri baradaky oý-pikirler çuňňur beýan edilip, şol ýol-ýörelgeleriň ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde eýeleýän orny juda ýokarydyr.