Ylym we oba hojalygy

4 Awgust 2023
1660

Arkadagly Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde ýaş nesil ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýar. Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan oba hojalygynda hem ýaşlar uly höwes bilen zähmet çekýärler. Ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler kemala gelýär. Bu ýerde berilýän bilimiň hili döwrüň öňdebaryjy tejribeleri esasynda kämilleşdirilýär. Talyplar daşary ýurt döwletlerinde hünär tejribeliklerinde bolup, önümçiligiň innowasion ulgamyny, döwrebap tehnologiýalara erk etmegi çuňňur öwrenýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň maý aýynda Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynda talyp ýaşlar bilen duşuşmagy ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýaş talyplara halkymyzyň köpasyrlyk daýhançylyk däplerini ösen tehnologiýalar bilen utgaşykly öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda nesihatlaryny, öwüt-ündewlerini berdi. Munuň özi talyplar üçin gymmatly gollanmadyr.

Gurbanmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köneürgenç etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar