«Mawy ýangyç» bilen içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmekde hem-de türkmen gazyny halkara hil derejesinde daşary bazara çykarmakda esasy wezipäniň «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýerlerdäki edara-kärhanalaryna degişlidigi pudagyň gazçylarynda egsilmez buýsanç duýgularyny döredýär. Bu babatda konserniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň işgärleriniň paýyna hem uly jogapkärçilik düşýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen alty aýynda alnyp barlan işler hakynda gazetimiziň ýörite habarçysy Oraznazar HEŞDEKOW müdirligiň önümçilik-tehniki bölüminiň inženeri Ýagşymyrat KULYÝEW bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş boldy. Biz taýýarlanylan söhbetdeşligi gazetimiziň okyjylaryna ýetirmekligi makul bildik.
— Ýagşymyrat Kulyýewiç, halkymyzyň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagyny gazanmak işi welaýatyň gazçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri. Söhbetdeşligimizi müdirligiňiziň gazçylarynyň häzirki döwürde bu ugurda durmuşa geçirýän işleri dogrusyndaky gürrüňden başlasak, ýerlikli bolardy.