Daşky gurşawy goramak — baş maksat

19 Iýul 2023
2041

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigatyny, daşky gurşawy goramak ulgamynda uly işler, şeýle-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen daşky gurşawy goramak, tebigatymyza aýawly çemeleşmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda ekologiýa, daşky gurşawy goramak babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ähli zerur işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan taslamalaryň, gurulýan täze binalaryň, kärhanalaryň ekologiýa nukdaýnazaryndan ygtybarly bolmagy hökmany şerte öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz daşky gurşawy goramak boýunça halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň, taslamalaryň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözülmegine saldamly goşandyny goşup gelýär.

Çynar MELÄÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar