Ganatly göwünleriň guwanjy

19 Iýul 2023
1701

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ösüşli gadamlary barha batlanýar. Bu guwançly hakykat ata pendine, görüm-göreldesine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygaryndan badalga alýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda hem düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde umumybilim berýän orta mekdepleriň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaşlaryň kämil ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly goldaw berýär.

Ogultumar ÝAZMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar