Men ömrümiň dowamynda sygyr sagyp gördüm, emma düýe sagyp welin görmändim. Durmuşa çykmankam “Sen düýe sagyp bilermiň» diýip soran bolsalar men ör-gökden gelerdim. Mekanymyz işiň-güýjüň köp ýeri bolan şäheriň merkezi bolansoň ertirden-agşama çenli dürli hereketleriň sazlaşygyndan lezzet alyp işläp ýördüm. Wagtyň geçmegi bilen çagalarymyň islegi bilen obada ýaşamaly boldum. Ine, saňa gerek bolsa, çölden botlap gelen köşeklije düýeler. Owal daşyndan görenimde olardan eýmenýärdim. Gäwüşäp gözleriňe, her bir hereketiňe syn edip duran düýeler meniň iň gowy görýän mallarymyň birine öwrüldi duruberdi. Bu piri güýçli haýwanyň asylly hereketleri edil ulugyzyň häsiýetleri ýaly maňa ýakymly görnüp başlady.
Ýaňyja aýaga galyp ýörejek bolup ýykylyp, sürşüp enesini gözleýän köşejigiň hereketleri örän täsindi. Köşek patanaklap ýöräp ugranyndan enesini gözläp başlady. Bu hereketler çagalarym üçin örän gyzyklydy. Olar köşege enesini tapmaga kömek berip, onuň daşynda başagaýdylar. Bu hezillige goşulyşýan goňşy-golamlaryň çagalary-da, az begenmeýärdiler. Olar gündelik çal içmäge öwrenişipdiler. Çünki, düýe çaly ula-kiçä ýakymly, örän tagamly bolýar.