Awokado subtropik ösümlik bolup, ata watany Meksika hasaplanýar. Onuň ady gadymy astekleriň dilinde «agaç ýumurtgasy» diýmegi aňladýar. Awokadonyň miwesiniň şahada goşa-goşadan ösýänligi üçin, onuň şeýle atlandyrylan bolmagy ahmal.
Eger-de siz ony satyn alan badyňyza iýmek isleýän bolsaňyz, onda onuň ýumşap bişen miwelerini saýlaň. Alan awokadoňyz heniz doly bişmedik bolsa, onda ony kagyza dolap, 2 — 5 gün öý temperaturasynda saklaň.