Biler bolsaňyz...

24 Iýun 2023
1724

Edenli zenanlarymyz ýüň eşikleri geýenlerinde-de, olary, gyş geçenden soň, ýygnap saklanlarynda-da, güýeden goramagy başarypdyrlar. Ene-mamalarymyzyň gürrüň bermeklerine görä, güýe ýagtylygy halamaýar. Güýäniň tohumyny taşlaýan kebelekler garaňky otaglarda köp bolýar. Şonuň üçin güýeden gaçarak durmak isleseňiz, ýüň zatlary daşarda şemalladyp durmaly. Gyşyna geýilýän egin-eşikleri ýygnanyňyzda, olary ýuwup, arassalap, atyr sepmeli ýa-da narpyz, bägül ýapraklaryny olaryň arasynda goýmaly. Ýüň eşikler saklanjak şkafyň ýa-da sandygyň dört burçuna narpyz ýapraklaryny goýsaň, güýe onuň golaýyna barmaz diýip, ene-mamalarymyz gürrüň bererdi.

Türkmeniň köňül nagşyna öwrülen, durky bilen gözellige ýugrulan haly-palaslary güýeden goramagyň hem öz düzgüni bar. Halydyr-palaslaryňyzy dula söýäp goýdugyňyz, güýeler onuň içinde mesgen tutmak bilen bolýarlar. Şeýle edilende, haýal-ýagallyga ýol berilmeli däldir. Şonuň üçin ýüňden dokalan, tikilen zatlary wagtal-wagtal daşarda serip, ýelejiredip durmaly. Oba ýerlerinde haly-palas dokaljak ýüpleri elde egrip boýaýarlar. Ýüp boýalan wagty, güýä garşy serişdeler goşulsa, güýe degmezligine köp peýdasy bardyr ýa-da taýýar, dokalyp bolan haly-palaslaryň arasynda güýä garşy derman serişdeleri goýulsa, güýe barmaz.

Oguldursun ATAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar