Salam, ene tebigat!

7 Iýun 2023
1541

Maýyň 27-nji günündäki döredijilik duşuşygyndan soň saparymyz tebigat bilen duşuşyga syrykdy. Has takygy, «Niredesiň, Amyderýa goraghanasy!» diýip, demirgazyga sary ýola düşdük. Goraghananyň Seýdi şäherindäki edara binasyna baranymyzda bolsa şol gün onuň 41 ýaşyny doldurýandygyny aýtdylar. Tötänligiň bu sazlaşygy, elbetde, her birimiziň kalbymyzda goşa bahary oýardy.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda tebigatyň jümmüşinde bolmak has ýakymly. Ine, goraghananyň Gabakly meýdançasy. Gür jeňňel tä derýa çenli uzap gidýär. Ol janly-jandarlaryň, gör, näçesine öý bolup dur. Tebigatyň perzentleri bu ýerde erkin ýaşaýarlar. Olar üçin yzygiderli alada edilýär. Şeýlelikde, Amyderýanyň kenaryndaky gadymy tebigy gurşaw gaýtadan emele gelýär we gitdigiçe örüsini giňeldýär.

Beýleki habarlar