Garagumdan geçen kerwen ýollaryny yzlap

31 Maý 2023
2047

Ýurdumyzda we sebitde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň ýazuw çeşmelerini we olaryň medeniýetini öwrenmek meselesi hemme wagtda hem özüniň wajyplygyny saklaýar. Çünki taryhy wakalary şol döwrüň garaýyşlary bilen synlamakda ýazuw çeşmeleri ýakyndan ýardam berýär. XIX asyrda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň taryhyny öwrenmäge goşant goşan syýahatçylaryň biri hem Anriý Mozerdir. Belli şweýsar sagat ussasy Genriý Mozeriň ogly Anriý Mozer öz döwründe görnükli diplomat, syýahatçy, şahyr bolupdyr.

Mozer dünýäniň ajaýyp tebigatly künjeklerine syýahat eden hem bolsa, ol ýerleriň tebigy gurluşyny, aýratyn landşaftlaryny ylmy esasda öwrenip, geografiki açyş etmändir. Ýöne jahankeşdäniň 1886-njy ýylda fransuz dilinde taýýarlanan «Merkezi Aziýanyň üsti bilen syýahat» atly işi degişli ýurtlaryň däp-dessurlaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Mozer ilkinji syýahatyny Russiýanyň Orenburg şäherinden başlaýar we Daşkent, Buhara, Hywa, Aşgabat, Tähran, Baku ýaly uly şäherleriň üstünden geçýär hem-de öz ýazgylarynda bu şäherler barada gowy ýatlamalary belleýär.

Döwran ABDYRASULOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar