Terbiýe mekdebi — edebiň gözbaşy

28 Maý 2023
1697

Häzirki ajaýyp döwrümizde gadymdan gelýän milli ýörelgelerimize aýratyn üns berilýär. Şeýle ýörelgeleriň biri hem milli terbiýedir. Türkmen halky terbiýäni çagadan başlaýar. Şunda öwüt-ündew etmek, nesihat bermek, görelde görkezmek ýaly ugurlar maşgala ojagyndan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan her birimiz mukaddes hasaplaýan maşgala dessurlary, nesil terbiýesi ýaly durmuş kadalarymyzda kämil-durmuş ýaşaýşymyzyň ornunyň uludygyny nygtasymyz gelýär. Gözbaşyny kämillikden alyp gaýdýan durmuşymyz maşgala däplerimizi berk dowam edip, nesilleri terbiýelemekde örän berk hem kämil dowamlylygymyzy saklamaga borçlandyrýar. Şonuň ýaly-da maşgala agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisligidiginiň uly many-mazmuny bardyr.

Türkmen halky öý-ojagy mukaddes hasaplaýar. Şonuň üçin hem öý-ojakda, jemgyýetde agzybirligi saklamak döwletlilikdir, bagtyň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda maşgala we nesil terbiýesi barada şeýle belleýär: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär. Maşgala agzalarynyň gatnaşyklarynyň özboluşly ulgamy soň jemgyýetde ula sarpa, kiçä hormat goýmak, zenan maşgalalara garaýyş babatdaky esaslary özünde jemleýär».

Ogulkeýik ANNABERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 143-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar