Akyldaryň edebi mirasy — ruhy dünýämiziň baýlygy

26 Maý 2023
1860

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýetimizi, sungatymyzy, taryhymyzy hem-de milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşyjylaryň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldamaklary hem muny aýdyňlygy subut edýär.

Ýurdumyzda 2024-nji ýylda belleniljek Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Beýik akyldaryň döredijiligine degişli şygyrlar diwanyny, internet portallaryny döretmek, alymlaryň derňewleriniň netijelerini toplamak we neşir etmek işi ýola goýulýar. Şahyryň ýubileýine meýilleşdirilen çäreler onuň baý edebi mirasynyň has çuňňur öwrenilmegine şert döreder.

Akmuhammet KURBANOW,
TKA-nyň Köýtendag etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar