«Ýaşaýşyň gönezligi, törümiziň ýaraşygy». Eziz enelerimiz barada aýdylýan bu iki jümlede öý-ojak eýesiniň mähribanlygynyň beýany bar. Bu pursat nurana duýgulary kalbynda besläp, sallançak başynda şirinden-şirin hüwdülere hiňlenip, bütin barlyk bilen sazlaşykda oturan enäniň keşbi göz öňüňde janlanýar. Enäniň şirin hüwdülerinde eziz perzendine bolan söýgüsi bar, mähribanlygy bar. Ene owazly hüwdüleriniň üsti bilen janyndan jan beren balasyna ýagşy arzuw-dilegleri edýär. Enäniň doga-dileglerinde ýurt asudalygy, il abadanlygy bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ene beýikleri dünýä inderýän beýiklik» diýýär. Akyldarlaryň ene hakynda aýdyp geçen hoş sözleriniň birinde bolsa: «Men beýik paýhasyň öňünde başymy egýärin, beýik ýüregiň öňünde bolsa dyza çökýärin» diýilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, eziz käbelerimiz ýanymyzdaka dünýämiz doludyr. Bu babatdan şahyr goşgy setirlerinde: «Eneň gezip ýörkä ýeriň ýüzünde, Ýaza barabardyr gyşyň howasy» diýýär. Ene söýgüsiniň, ene mähriniň näderejede gymmatlydygyna, ömrümiziň iň bagtly pursatlarynyň eneli günlerdigine soň has çuň göz ýetirýäris.