Wepadarlyk

26 Maý 2023
1937

Geçen asyryň segseninji ýyllarydy. Tomsuň ortaky aýynda haly dokamaga girişdim. Halynyň kesilmegine az wagt galanda, çitimlik ak ýüplügiň ýetmezligi uly alada goýdy. Bazarda ak ýüplügiň köpdügine gözüm ýetip dursa-da, onuň öňki ýüplüge meňzeş boljagy ýa bolmajagy alada goýupdy. Şol alada bilen bazara ugradym. Hatara oturan dürli görnüşli ýüplükleri satýan aýallaryň arasyna baryp, synlamaga başladym. Ol ýerde halydyr palas üçin reňkler, sapaklaryň dürli görnüşleri, boýalan, boýalmadyk ýüplükleriň dürli görnüşleri bardy. Ýüplükleriň hemmesine birlaý göz aýlasam-da, özüme geregine nazarym düşmedi. Gerek zadym tapylmansoň, gaty gynanýardym. Yzyma boş gaýtmak islämokdym. Näme etjegimi bilmän durdum. Ine, birdenem, bazaryň aňry çetinde bir gysym bolup oturan zenana gözüm kaklyşdy. Gözleýän ak ýüplügim ol zenanyň öňünde duransoň, eglenmän ýanyna baryp:

— Ýüplügiň bahasy näçe? — diýip soradym.

Ogulsoltan GELDIMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Beýleki habarlar