Halkyň ruhy baýlygy

3 Maý 2023
2189

Hereket we akyl bilen oýnalýan milli oýunlar çagalaryň ählitaraplaýyn ösüşine we terbiýesine uly täsirini ýetirýär. Milli hereketli oýunlaryň ýaşlaryň birek-birege kömek bermek we goldamak ýaly ajaýyp häsiýetli, berk bedenli, sagdyn, ruhubelent, edermen, hyjuwly bolup kemala gelmeklerinde ähmiýeti uludyr. Akyl bilen oýnalýan oýunlar ýaşlardan ugurtapyjylygy, özüne bolan ynamy talap edip, ruhuň belent bolmagyna getirýär. Saglygyň sakasy bolan sportuň aglaba görnüşi hem milli oýunlardan gözbaş alýar.

Ýazyjylaryň, şahyrlaryň döredijiliginde hem halkymyzyň ruhy baýlygy bolan türkmen milli oýunlarymyzyň dürli-dürli görnüşlerine gabat gelmek mümkin. Muňa mysal edip, halkymyzyň gadymy «Görogly» eposynda: «Röwşen oglanlara goşulyşyp, olar bilen öwrenişip gitdi. Ol oglanlar bilen aşyk, çilik, top, tüwdürme, döwmaç, taýak dikdi we başga oýunlary oýnap geziberdi» diýlip beýan edilýär. Halkymyzyň milli oýunlarynyň birnäçesi häzirki wagtda hem çagalaryň arasynda uly höwes bilen oýnalýar. Olaryň içinde aşyk bilen oýnalýan oýunlar has meşhurlyga eýedir.

Täzegül REJEPOWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar