«Atyr geçmişe dolap bilýän ýeke-täk jadyly çüýşejik» diýsek ýalňyşmarys. Duýgulary hiç bir zat hoşboý ys ýaly çuňňur oýaryp bilmeýär. Hakykatdan-da, atyr göýä çüýşä gaplanan geçmişiň bir bölegi. Şonuň üçinem häzirki döwürde parfýumeriýa pajarlap ösdi. Indi atyrlar diňe bir geçmiş, ýatlamalar ýa-da kimdir biri barada däl, eýsem, tutuş dünýä, gözel ýerler, ülkeler barada-da söz açýar.
Hyýalyňyzda dünýä syýahat etmek isleseňiz, «Memo» atyryndan sepiniň. Onuň bir çüýşesi Mýanmanyň «Inle» kölüni, ýene biri Müsüriň «Siwa» jülgesini, Latyn Amerikasynyň «Manaosyny», Afrikany, Aziýany we dünýä kartasyndaky beýleki täsin ýerleriň özboluşly tebigatyny hyýalyňda janlandyrýar. Sebäbi «Memo» markaly atyrlary döreden ispaniýaly Klara Molloý dürli ýerlere syýahat etmegiň aşygy. Ol syýahatçylygy ömrüňi bezemek, gözelleşdirmek hasaplaýar.