Serhetçi zenanyň zähmet ýoly

19 Aprel 2023
1547

Eneler hakynda gürrüň gozgalsa, şahyryň «Dünýäniň bar görki enedir ene» diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Çünki dünýäniň görkem, gözelligem, owadanlygam, umuman, gowulyklar diýlende ýada düşýän ähli ajaýyplyklar beýik mukaddeslikde — enede jemlenýär. Şonuň üçin ata Watanyň mukaddes topragy hem enä deňelýär. Watan mukaddesligine deňelýän mähribanlar edermen ýigitlerimiz bilen bir hatarda ene topragymyzyň goragyny üpjün etmekde hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň alyp barýan işleri ýatlanmaga mynasyp. Ömrüniň 25 ýylyny Watan goragyna bagyşlan, mähribanlygy, mähirliligi, adamkärçiligi bilen özüni tanadan Oguljan Pirgulyýewa hem 1965-nji ýylyň 10-njy fewralynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Seýdi geňeşliginde dünýä inýär. Ol 1972 — 1982-nji ýyllarda şol geňeşlikde ýerleşýän öňki Seýitnazar Seýdi adyndaky 3-nji orta mekdepde bilim alýar. Erjelligi, başarjaňlygy, höwesjeňligi bilen mugallymlaryna özüni aldyrmagy başaran Oguljan 1984-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gapysyndan ätleýär. Çagalykdan mugallymçylyk kärini arzuw edýän Oguljan iňlis dili we edebiýaty hünäri boýunça bilim alýar. 1989-njy ýylda ýokary okuw mekdebi üstünlikli tamamlap, göbek ganynyň daman ene topragynda zähmet ýoluna başlaýar.

1998-nji ýylda Oguljan gelneje ýanýoldaşynyň harby gullugy üçin etraplaryň birine gaýtmaly bolýar. Şol ýyl hem ol kakasynyň arzuw eden kärinde, ýagny serhetçi harby gullukçy bolup işe başlaýar. Özüniň ugurtapyjylygy bilen harby gulluga çalt öwrenişen Oguljan ýaş harby gullukçylaryň watansöýüji, halal, Watana, ene topraga wepaly ýigitler bolup ýetişmekleri üçin zähmetini gaýgyrmaýar. Serhet birikmesinde geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine hem işjeň gatnaşyp, ýigitlerimize mähriban ene hökmünde degerli maslahatlaryny berýär.

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar