Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabyndaky: «Ejemiz — Ýerdäki örkümiz, Arşdaky umydymyz. Asmanda hem eneleriň alkyşy ganat ýaýyp durandaky ýaly, nuranalygyň bardygyny duýanyňda, şeýle pikir edýärsiň» diýen parasatly setirlerini tolgunman okamak mümkin däl.
Ogulabat ejäniň ýüreklerimize siňen, gözlerimiziň öňünde duran nurana keşbinde türkmen gelin-gyzlarynyň asyllylygy, salyhatlylygy, mähremligi, agraslygy, sadalygy, maşgala ojagyna wepalylygy jemlenýär. Ene, sözüň doly manysynda, mukaddeslikdir. Ene özüniň çäksiz mähribanlygy bilen ýüreklerimiziň töründe hemişelik orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň köňül aýdymy bolup ýaňlanýan sözleri bilen aýdanymyzda: «Mähribanlyk bilen ynsana dünýäni söýmek duýgusy ornaýar. Ol duýgy eneden gaýdýar. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr. Bular bitewülikdir. «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr».