Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşymyza giňden ornaşmagy we nesilleriň berk bedenli, bilimli, päk ahlakly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler giň gerime eýe bolýar. «Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz ilatymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala gelmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe, sporty ösdürmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär.
Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap şertlerde bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bolup ýetişmegini üpjün etmek, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda zenanlara belent sarpa goýulýar. Milli ýörelgämizde zenan mertebesi, hormaty hemişe ýokarydyr. Bu çuň manyly jümläniň özeninde türkmen zenanynyň edebi, mertebesi bardyr.