31-nji martda Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Lebap Handmade
Exports» (LHE) startap maksatnamasyny goldamak maksady bilen, el zähmeti bilen öndürilen eksport maksatly önümleriň sergisi guraldy. LHE taslamasy ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID), Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň, şeýle hem, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň goldaw bermeklerinde lebaply senetçileriň halkara onlaýn platformalarynda girdeji gazanmaklary hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekleri üçin işlenip düzüldi.