Ak mekdepler gujak açýar
Ýene sanlyja günlerden ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uludan baýram ediler. Şol gün ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary geçiriler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri hökmünde hakydalarda orun aljak bu şanly senäniň belleniljek gününe hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şanly toýuň öňüsyrasynda geçen okuw ýylynda bilim ojaklarynda gazanylan üstünlikler dogrusynda ýatlap geçsek, has-da ýerlikli bolar. Bilşimiz ýaly, welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hereket edýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 396-synda ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe berilýär. Tejribeli, öz işine ussat mugallymlaryň çekýän zähmeti oňyn miwelerini berýär. Lebaply mekdep okuwçylarynyň bilimler äleminde gazanýan üstünlikleri-de muny aýdyň tassyklaýar. Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 10 — 11 synp okuwçylary her ýyl ýurdumyzda geçirilmegi däbe öwrülen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlaryň 35-sini eýelediler. Ildeşlerimiz ýokarda ady agzalan bäsleşigiň çäginde geçirilýän ylmy-taslama, döredijilik bäsleşiginde-de öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Welaýatymyzyň ýaşlarynyň halkara ders, internet olimpiadalarynda hem öňe saýlanýandyklaryny buýsançly nygtamak isleýäris.