"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Täjigistanda gurlan mekdebiň okuwçylaryna haýyr-sahawat gaznasyndan kompýuterler sowgat berildi

Arkadag şäherinde 27-nji awgustda geçiren iş maslahatynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan dabaralaryň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekip, şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermeginde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň beýany boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz dostlukly döwletiň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan welaýatynda Türkmenistanyň gurluşykçylarynyň bina eden täze mekdebinde okajak okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky degişli Karary esasynda, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň çäginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy mynasybetli, bu ýerde 1-nji synpa okuwa barjak körpelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň, uly açyşlaryň ýoluna ak pata berdi. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hem-de ýetip gelýän şanly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Okamak — baýlyk

Dünýäniň iň meşhur we baý bilim ojagy Garwardyň diwarlarynda şeýle ýazgy bar: Edil häzir uklasaň, arzuwlaryňy düýşüňde görersiň. Eger ýatmagyň deregine okamagy saýlasaň, arzuwlaryňy durmuşyňda görersiň. Ine, şu ýüregi buýsançdan joşup duranlar hem ýatmagyň deregine okamagy saýlanlar. Bular tüýs geljegi gurujylar! Öňde-de biri: «Pursat barka pursatdan peýdalanmaly» diýýär. Rast aýdýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, ylymly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýylyň-ýylyna täze ýokary okuw mekdepleri açylýar, öň bar bolanlaryň okuw maksatnamalaryna täze hünärler girizilýär. Onsoň, ýaş nesillere diňe yhlas edip okaýmak galýar. Çünki biziň ýurdumyz arzuwlaryň wysala gowuşýan ülkesi. Biz munuň şeýledigine 2024-2025-nji okuw ýylynda talyp adyna eýe bolan gözleri begenç gözýaşlaryndan doly ýaşlary görenimizde-de has aýdyň göz ýetirdik. Olaryň ýürek joşgunlaryny özlerinden eşitmek bolsa has-da ýakymly.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi jebislige, beýik ösüşlere ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň, uly açyşlaryň ýoluna ak pata berdi. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hem-de ýetip gelýän şanly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Bu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni

Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy.  Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesdi. Soňra paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň keşbini has-da gözelleşdirýän Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy açyldy.  Bu toplum Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümi, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýar.

Bagtyýar ýaşlaryň köňül kelamy

Näzik SERDAROWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby: — Söýgi, yhlas, ynam bilen başyna barlan her bir iş ýerine düşýär, arzuwlar amala aşyp maksatlar myrat bolýar. Men ata Watanymyň aşygy, waspçysy. Watan söýgüsi meni arzuw eden ýokary okuw mekdebimiň gapysyndan getirdi, talyp boldum. Watanymyzy ýagty ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda edýän aladalaryndan, döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bagtyň eýeleri bolýarys. Bize diňe okamak, kämilleşmek, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmak galýar. Bizi bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun!

Täze okuw ýyly üstünliklere beslener

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere berilýän bilime üns has-da güýçlenýär. Muny biz — mugallymlar, terbiýeçiler gündelik durmuşymyzda amala aşyrylýan işlerde görýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary Watanymyzyň altyn geljegi hasaplap, olar üçin dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen, döwrebap ülňülerde gurlan mekdepleri, ähli şertleri bolan sport, dynç alyş, saglygy dikeldiş merkezlerini gurup berýär. Ýaşlaryň okap, bilim almagy üçin okuw kitaplarydyr gollanmalar yzygiderli neşir edilýär. Dünýäniň ösen tejribesini ele alan mugallymlar ýaşlarymyza bilim berýärler. Ynha, ýurdumyzda täze okuw ýyly başlandy. Täze okuw ýylyna bilim işgärleri örän taýýarlykly geldiler. 1-nji synpa gelen körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuter gowşuryldy. Elleri kompýuter sowgatly ýaşajyk nesillerimiziň gözlerinde buýsanç, geljege bolan ynam uçganaklaýar. 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleriň sowgat berilmegi oňat däbe öwrüldi. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

TALYPLYK ÝYLLARY — ULY MÜMKINÇILIKLERIŇ DÖWRI

On iki ýyl mundan ozal ýokary okuw mekdebinde ilkinji derse başlanymyzda halypa mugallymlarymyzyň: «Uniwersitet — üýtgeşik ýer. Bu ýerde her kim öz maksat-myradyna ýetýär. Ylym-bilime höwesliler adamzadyň asyrlaryň dowamynda toplan gymmatly hazynalaryna eýe bolýar, söwer ýaryny tapmak isleýänler özlerine ömürlik hemra boljak mynasyp ynsana duşýar, ykrar edilmek isleýänler abraý eýesi bolýar... Şonuň üçinem özüňize dörän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanjak boluň!» hem-de «Talyplyk döwründäki bäş ýylyňyz geljegiňiziň elli ýylynyň nähili boljakdygyny kesgitleýär» diýen öwütleri şu günem ýatdan çykanok. Şondan bäri geçen ömrüň bir müçesine barabar döwürde ýokary okuw mekdebini tamamlap, göwün beren kärinde birnäçe ýyl zähmet çekip gelýän hünärmen hökmünde ýene-de şol öwüt-ündewler barada oýlanýarsyň. Bu gün talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlaryň müňlerçesiniň ýokary okuw mekdepleriniň gapysyndan ilkinji gezek ätläp, durmuşyň täze tapgyryna gadam basyşy barada oýlananyňda bolsa bilim-ylym, hünär we tejribe bilen baglanyşykly pikirleriňi paýlaşmak isleýärsiň. Ýaşlaryň aglaba köpüsi talyplyk döwründe diňe bilim-ylyma ähmiýet berip, hünär öwrenmek we geljekki zähmet ýoluny meýilleşdirmek barada okuwyň ahyrky ýylynda pikirlenip boljakdygyna ynanýar. Emma zähmet ýoluňy we durmuş meýilleriňi ýokary okuwy tamamlaýan döwrüňe çenli süýşürmegiň dogry çözgütdigi ikuçlydyr. Sebäbi talyply

TÜRKMENISTANYŇ BILIM ULGAMY – DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ KÄMIL NUSGASY

Häzirki wagtda ýurdumyzda täzeçe çemeleşmeler esasynda ýaş nesilleriň dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary derejeli bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda degişli hukuk, maliýe we maddy-tehniki şertleriň tutuş toplumy emele getirildi. Bilim ulgamyny ösdürmäge goýberilýän býujet serişdeleri ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň uly bölegini düzýär. Milli hukuk özgertmeleriniň barşynda bilim kanunçylygynyň binýady berkden tutulýar. Ilkinji nobatda, her bir raýatyň bilim almaga, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine bolan hukuklarynyň konstitusion esasda berkidilendigini bellemek gerek. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi jemgyýetimiziň ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimiň ileri tutulýandygyny kesgitledi.

ARZUWYMYŇ WYSALY

«Ýaradan nesip etmejek zadyny arzuw etdirmez» diýilýär. Şeýle nesipden eýýäm, gör, näçenji gezek paýly bolýaryn. Beýle şowly diňe men däl bolsam gerek. Çünki ezelde ýalkanan, Hakyň halan, halkyň saýlan Howandarynyň başda duran bu berkarar ýurdy haýyrly arzuwlaryň ählisiniň hasyl bolýan ülkesidir. Bagtly çagalaryň ýurdunda bagtyýar nesillerimiz bilen birlikde ählimiz arzyly günleriň ýene birine — täze okuw ýylynyň ilkinji gününe gadam basdyk. Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän çagajyklaryň, bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşan mekdep okuwçylarynyň, aýratynam, «talyp» adyna eýe bolan bagtly ýaşlaryň joşguny, tolgunmasy olary görenleriň ählisinde ýakymly duýgulary oýarýar.

TÄZE OKUW ÝYLY – TÄZE BAŞLANGYÇLARYŇ BINÝADY

Güneşli Diýarymyzda ýylyň-ýylyna Sentýabr aýynda Bilimler we talyp ýaşlar güniniň uludan bellenilmegi diňe bir täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösüşiň belentliklerine tarap ilerlemegine aýratyn ähmiýetiň berilýändiginiň hem aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, milli ylym-bilim ulgamynda ajaýyp özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda täze okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär, hem-de öňden bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenip, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda gaýtadan işlenilip, kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge tarap giň gerimli mümkinçilikleriň açylmagy, ýurduň tebigy baýlyklaryny rejeli ulanyp, gaýtadan işleýän kuwwatly senagatyň döredilmegi öz nobatynda täze iş ugurlary boýunça döwrebap ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ökde hünärmenleri talap edýär. Şeýlelikde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hem täze 2024-2025-nji okuw ýylynda hünärine ezber ykdysatçy hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, täze bakalawr hem-de magistr taýýarlyk ugurlary açyldy. Täze okuw ýylynda institutymyzda bakalawr maksatnamasy boýunça «Ykdysadyýet we dolandyryş» taýýarlyk ugurlary boýunça: ykdysadyýet, ykd

Dostlukly döwletde täze mekdep açyldy

Şu gün — 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly taryhy çykyş etdiler we mekdebiň açylyşyna ak pata berdiler. Bu bolsa çäräni ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besledi. Döwlet Baştutanlarynyň çykyşlary bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň, ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredip, ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň barha pugtalanýandygyny ýene bir ýola subut etdi. Dabaranyň çäklerinde täze mekdebe Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň 100-si we «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat gowşuryldy. Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki güne çenli abyrsyz işleri durmuşa geçirdi, öz hasabyna ýurdumyzda howandarlyga mätäç näsag çagalara bejergi işlerini üstünlikli ýerine ýetirdi. Bu gün bolsa gazna öz hasabyna Täjigistanda açylan täze mekdebe «Bilimli» kompýuterleri we awtobusy sowgat hökmünde ib

Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy

1-nji sentýabrda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka iki dost-dogan halkyň hoşniýetli gatnaşyklaryny üpjün edýär, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň sanly ulgam arkaly aragatnaşyga çykmaklary we çykyşlarynyň çuňňur mana eýe bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Bilimler güni

Gelmegine barmak büküp sanalar,Talyp ýaşlar güni, Bilimler güni.Iň ajaýyp aýdymlara ýanalar,Talyp ýaşlar güni, Bilimler güni. Düzüler oglanlar, gyzlar hatara,Pursat berer süýji oýa batara,Bilim dünýäsine sary atarar Talyp ýaşlar güni, Bilimler güni.

Milli bilim ulgamy: nusgalyk işler, täzeçil özgertmeler, toplumlaýyn maksatnamalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen, jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüşini, halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegini üpjün edýän beýik başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Netijede, ýurdumyz ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ýokary derejede üpjün edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan tutumly işler, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary, şol sanda milli bilim ulgamy boýunça gazanylýan ýokary netijeler munuň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydygyny nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, şäherdir obalarymyzda häzirki zaman bilim edaralary — çagalar baglary, orta mekdepler, hünär bilimi edaralary gurulýar, bilim işine öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.

Ösüşiň altyn çyragy

Döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyna degişli binalardyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi bu ulgamy ösdürmeklige döwlet derejesinde berilýän ünsüň örän ýokarydygyny nobatdaky gezek äşgär edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýmek bilen, ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Özleri üçin edilýän aladalardan ruhlanyp, ýaşlar döwlet bäsleşiklerinde hem, halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Sowatlylyk — döwletlilik

Ylym-bilim uç-gyraksyz deňizdir. Ylym-bilim ynsaplylyk, adalatlylyk, lebzine wepalylyk, edermenlik, halallyk, şükürlilik, gaýratlylyk ýaly häsiýetler ýaly, adamlaryň köňlüni açyp görkezýän hazynadyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ylym tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin ýagtylyk gerek. Şol ýagtylyk zehindedir. Zehin her adamyň özünde bardyr» diýip, ylym-bilim mukaddesligini parasatly jümleler bilen beýan edýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri okamaga, öwrenmäge, bilimli bolmaga çalşypdyr. Nesilleriň ylym-bilimli bolmaklary üçin kitaphanalary, medreseleri, bilim ojaklaryny gurdurypdyr. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky bir rowaýata ýüzleneliň: «Bir adam öz ogluny ýedi ýaşynda bilim almak üçin molla beripdir. Oglan ukyply bolandygy üçin okamagy, ýazmagy tiz wagtda öwrenipdir. Kakasynyň oglunyň sowadyndan göwni hoşal bolupdyr.

Yhlas ýerde ýatmaýar

Munuň şeýledigini bu gün hemmelere joşup-joşup gürrüň beresim gelýär. Talyp bolmak bagtynyň ykbalymda düşlemegi üçin ençe ýyllap göwün ýüwürtme kemini goýmadym. Çagalygymdan sporta höwes etmegim meni sport oýunlarynyň teswirleýjisi hünärine alyp geldi. Şu güne çenli teleýaýlymlarda, gazet-žurnallarda türgenleriň ýurdumyz boýunça, şeýle-de halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişlerini, täze üstünlikleriniň buşluklaryny il-günümize ýetirip geldik. Göni ýaýlymda şatlyklaryny paýlaşdyk. Bularyň ählisi geljekde saýlap aljak hünärime has-da yhlasly ýapyşmagyma, öňümde goýan maksatlarymyň myrat tapmagyna itergi berdi. Ýollar meni ahyr indi ençe ýyllap talyby bolup adyny göterjek şu ýokary okuw mekdebiniň bosagasyna getirdi. Nesibäm çekip, arzuwlarym hasyl boldy.

Ýaryşly ýollar, ýeňişli menziller

Sport — saglyk, sport — ruhubelentlik, sport — gözellik. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem gujur-gaýratyň çeşmesidir. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr. Şoňa görä-de, türkmen ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport-bedenterbiýe hereketini işjeň ösdürýärler. Men hem 9 ýaşymdan başlap, sportuň sambo, dzýudo, kuraş görnüşleri bilen meşgullanyp, dürli ýaryşlara gatnaşyp gelýärin. Ussat tälimçi Şirin Kubaýewanyň elinde tälim almagym öz saýlan sport görnüşlerimiň ähli emellerini inçeligi bilen öwrenmegime ýardam berdi.