"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Ha­ly­pa alym ha­kyn­da söh­bet

Ge­çen asyr­da türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň ara­syn­dan ylym-bi­li­me hö­wes edip, il­kin­ji alym­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lan ze­na­nyň kim­di­gi­ni, me­ge­rem, bi­le­si gel­ýän­ler bar­dyr. Şu so­rag öň­den bä­ri me­ni-de öz er­ki­me goý­ma­ýar­dy. Pi­kir­le­nip otur­sam, ahy­ry dil bi­li­mi ug­run­dan il­kin­ji bo­lup alym­lyk de­re­je­si­ni alan we soň­ra has ýo­ka­ry bas­gan­çak­la­ra ga­lan Zy­ly­ha Ba­ky­ýew­na Mu­ham­me­do­wa­nyň ady­ny ýa­dy­ma sal­ma­ly bol­dum. Bu gaý­rat­ly we akyl­dar türk­men zenanynyň ýaş­la­ra gö­rel­de bo­lar­lyk ge­çen dur­muş we dö­re­di­ji­lik ýo­ly bar. Onuň dur­mu­şy bi­len hor­mat­ly oky­jy­la­ry gys­ga­rak ýag­daý­da ta­nyş­dyr­ma­gy özü­me borç bil­dim. Zy­ly­ha Mu­ham­me­do­wa Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­by­nyň Mülk­ýu­sup oba­syn­da 1922-nji ýy­lyň 9-njy ýan­wa­ryn­da ene­den do­gul­ýar. Ka­ka­sy Ba­ky Täç Mu­ham­me­dow (1899 — 1938) so­wat­ly adam­la­ryň bi­ri bo­lup­dyr.

Kämil ylym-bilim bilen geljegiň täze giňişliklerine tarap

Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyetiň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Bu bolsa döwletiň ähli çäklerinde, geljekde bolsa tutuş dünýä giňişliginde ylym-bilim boýunça bir bitewi maglumat gurşawyny emele getirmek wezipesini öňde goýýar. Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze düşünjeler we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris

Manyly ömür

Biziň söhbedini etmekçi bolýan we 93 ýaşy arka atan paýhasly türkmen ýaşulusyny köpler özüniň halypasy — gadyrdan mugallymy hasaplaýar. Agajan Babaýew öz manyly ömrüni bilime, ylma bagyşlady. Ol geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir... Ylym bilen meşgullanmak abraý-mertebedir» diýen parasatly sözleri ylmyň adamzat jemgyýetinde, her bir ynsanyň şahsy durmuşynda örän uly orny eýeleýändigini görkezýär.

Innowasion tehnologiýalar işjeň ulanylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly bilim esasynda üznüksiz bilim üçin giň mümkinçilikler döredilip, okatmagyň usullary yzygiderli baýlaşdyrylýar. Innowasion usulda sanly bilim we dünýä tejribesi okuw işine ornaşdyrylýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijilerdäki maglumatlar esasynda kämilleşdirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Innowasion tehnologiýalardan işjeň peýdalanmak başlangyç synplarda berilýän bilimiň okuwçylar tarapyndan aňly-düşünjeli özleşdirilmeginiň bir serişdesidir. Olar sapagyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, çaganyň işjeňligini artdyrmaga täsir edýär. Başlangyç synplarda multimedia tagtasynda geçirilýän test soraglary okuwçylaryň nazaryýetde alan bilimlerini anyklamaga, olary tejribede ulanyp bilmek endiklerini ösdürmäge

Ýaşlar — biziň geljegimiz

Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagyny, döredijilik hem sport bilen meşgullanmagyny, dünýä dillerini, edebiýatyny we sungatyny öwrenmegini gazanmak ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde durýan baş wezipedir. Şeýle sogaply hem örän jogapkärçilikli işleriň durmuşa geçirilmegi üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Golaýda Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdepde etrabyň mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlar üçin usuly okuw geçirildi. Onda ýaşlara dil öwretmegiň has netijeli ugurlary barada dünýä tejribelerine salgylanyp, giňişleýin gürrüň edildi. Geljegimiz bolan ýaşlar barada edýän irginsiz aladalary üçin Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran 14488-nji Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglu

Kämil ylym-bilim – ösüşlere badalga

Beýik başlangyçlaryň rowaçlanýan mekany bolan Türkmenistan döwletimiz gün-günden özgerýär. Munuň şeýledigi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işlerde, ýetilýän sepgitlerde aýdyň görünýär. Täze 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip yglan edilmegi bolsa ýurdumyzda ýaş nesle bildirilýän mukaddes ynamyň ýokarydygyna güwä geçýär. Şol ynama mynasyp bolmak üçin ata Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, sanly ulgamdan baş çykarmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň

Himiýa we sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Bi­ziň ýa­şa­ýyş gur­şa­wy­myz­da äh­li zat bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu­la­ry gö­ze gö­rün­me­ýän zyn­jyr­jyk­lar bag­la­ýar diý­sek hem bo­lar. Şol bag­la­ny­şyk ne­ti­je­sin­de hem bi­te­wü­lik ýa-da umu­my pi­kir dö­re­ýär.

Sirk sungatynyň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti has giň gerim bilen ösýär. Medeniýet ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatyny täzeden döretmek hem-de ýokary derejelere çykarmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Sirk sungatymyz dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Şan-şöhraty dünýä ýaýran ahalteke bedewleriniň we türkmen ýigitleriniň, ýagny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä döwletlerinde üstünlikli çykyş edip, tomaşaçylary haýran galdyrmagy hem-de baýrakly orunlara eýe bolmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Sirk sungatynyň ösmegi üçin üçin ähli ykdysady we maddy mümkinçilikler bilen utgaşyklykda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu çygyrdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, ýakynda «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi we bellenen tertipde herekete girizilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Sirk we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş-ykdysady esaslary hem-de sirkleriň işiniň hukuk esaslary, olary döwlet tarapyndan goldamagyň görnüşleri kesgitlenen bu Kanunda sirk tomaşalarynyň döredilmegi we köpçülige görkezilmegi bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. Sirk şagalaňlylyk häsiýeti bilen tapawutlanýan, güýjüň, başarjaňlygyň, çalasynlygyň, batyrgaýlygyň, şeýle-de üýtgeşik we gülküli bir wakan

«Oguz Robotyň» üstünlikleri

Heňňamy haýrana goýýan ýagdaýlar öňem bolupdyr, häzirem bolýar. Ýaş türkmenistanlylaryň tehnika-tehnologiýanyň ösen döwri bilen aýakdaş gidip, täzeçe oýlap tapyşlarynyň, irginsiz gözlegleriniň netijesem edil şeýle. «Nädip?» diýýäňizmi?! Ine, «Oguz Robotyň» üsti bilen. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň zehinli okuwçylaryndan düzülen «Oguz Robot» gurnagynyň agzalarynyň diňe bir döwletimizde däl, eýsem, halkara derejesindäki bäsleşiklerde hem ýeňişli orunlary eýeleýändigini eşideniňde, olara «Tüweleme» diýeniňi duýman galýarsyň... Zehinli okuwçylaryň 90-a golaýyny özünde jemleýän bu gurnagyň gazanýan üstünlikleri soňky ýyllarda has-da artdy. Şu ýylyň oktýabr aýynyň 13 – 16-sy aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen «FIRST Global Challenge 2022» – Halkara Robototehnika bäsleşiginde edilen şowly çykyş «Oguz Robota» nobatdaky ýeňşi bagyşlady. Bu halkara bäsleşik 162 döwletiň mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan milli ýygyndy toparlaryny bir ýere jemledi. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary – Jelaleddin Gylyçmuhammedowyň, Pirguly Öwezowyň, Nurmämmet Nazarowyň, Polat Baýramowyň, Arslan Poladowyň bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik edendigini bellemek gerek.

Ylma we döwrebap tehnologiýalara esaslanýan ösüş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Ylmy tehnologiýalaryň ösýän, innowasion işläp taýýarlamalaryň gündelik durmuşa ornaşýan döwrüniň talaplaryna laýyklykda, her bir jemgyýetiň, döwletiň ösüşiniň düýp özeninde ylmyň-bilimiň durýandygy ählimize mälimdir. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, şonuň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli edip ýetişdirmek barada uly aladalar edilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň: «Dünýädäki ähli ösüşler ylym hem-de tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler esasynda döwletimizi ösdürmäge möhüm ugur hökmünde garaýarys. Akademiki, pudaklaýyn we ýokary hünär bilim edaralarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy edaralaryň hojalyk hasaplaşygy, sargytlaýyn esasda amala aşyrýan ylmy işleriniň gerimini giňelderis» diýip bellemegi has-da buýsandyryjydyr.

Seçgiçi alym

Gowaçanyň seleksiýasyny ösdürmäge özüniň saldamly goşandyny goşan ilkinji türkmen alymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Döwlet Babaýewdir. Ol Mary etrabynyň Muhadow adyndaky geňeşliginde 1928-nji ýylda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ilki oba mekdebinde okap, soňra Mary şäherindäki 6-njy orta mekdebi 1947-nji ýylda tamamlaýar. Ol okuwyny dowam etdirmek üçin Aşgabat şäherindäki Şol wagtky M. I. Kalinin adyndaky oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetine okuwa girýär we ony 1952-nji ýylda gutaryp, Ýolötendäki tejribe bekedinde ylmy iş bilen meşgullanyp ugraýar. Bu ýerde onuň ylma bolan höwesi artyp, Özbegistan döwletiniň Daşkent şäherinde ýerleşen öňki Bütinsoýuz ylmy-barlag pagtaçylyk institutyndaky aspirantura okuwa girýär. Bu ýerde gowaçanyň köpýyllyk nusgasyny, inçe süýümli, medeni sortlar bilen jynsy taýdan çaknyşdyryp, olaryň gibrid nesillerinde hojalyk ähmiýetli alamatlarynyň nesle eýerijiligini öwrenýär. Ol aspiranturany üstünlikli tamamlap, ýene-de Ýolöten tejribe bekedinde işe başlaýar we kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Soňra 1959-njy ýylda Änew şäherindäki ylmy-barlag ekerançylyk institutyna işe girýär we seleksiýa işini giňişleýin geçirip ugraýar. Onuň ilkinji döreden, inçe süýümli gowaçanyň Aş-25 sorty 1977-nji ýylda önümçilige ornaşdyrylýar. Ol bol hasylly, süýümi, ýokary hilli gowaçanyň täze sortuny döreden ilkinji türkmen alymydyr. Onuň döreden bu sort

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Pudagyň kuwwaty ýokarlanýar Arkadagly Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynda ýokary netijelere eýe bolunýar.

Kämil taslama

Häzirki wagtda bütin dünýäde adamlaryň sanynyň artmagy, ýurtlaryň senagatlaşdyrma derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Bu bolsa süýji suwy sarp edýän kärhanalaryň köpelmegi bilen agyz suw bilen üpjünçilik meselesine jogapkärli çemeleşmegi talap edýär. Şeýlelikde, şor suwy süýjediji tehnologiýalardan peýdalanmagyň zerurlygy ýüze çykýar. Soňky ýyllarda dürli görnüşli innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly amatly çykalga tapylýandygyna garamazdan, bu tehnologiýalaryň gymmatdygy we süzüji serişdeleriniň daşary ýurtlardan getirilýändigi sebäpli, alnan önümiň özüne düşýän gymmaty artýar. Bu mesele boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň alymlary tarapyndan ylmy-barlag işleri geçirilip, ekologiýa taýdan arassa we tükeniksiz energiýa çeşmesi bolan Günüň energiýasyndan peýdalanmak arkaly özbaşdak energiýa üpjünçiliginde işleýän, suwy süýjediji gurluşyň toplumlaýyn taslamasy işlenilip düzüldi.

Ylym — öm­rüň ýag­ty­ly­gy

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň iş­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň ylym ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň esa­syn­da yl­myň dür­li ýaý­raw­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­ýan ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek, yl­myň we teh­ni­ka­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yl­my eda­ra­la­ryň we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek, döw­le­ti­mi­ziň in­tel­lek­tual kuw­wa­ty­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, ylym ul­ga­my­ny san­ly­laş­dyr­mak, ylym ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Tä­ze­çe pi­kir­len­mä­ge, önüm­çi­lik iş­le­ri­ni do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly hü­när­men­ler döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň esa­sy da­ýan­jy bo­lup dur­ýar. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de yl­my iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy, yl­my iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ma­gy, ta­lyp­la­ryň yl­my iş­le­re çe­kil­me­gi, tä­ze tas­la­ma­la­ryň üs­tün­de iş­le­nil­me­gi, ha­ly­pa alym mu­gal­lym­lar ta­ra­pyn­dan yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ýan ýaş­la­ra de­ger­li gol­daw­la­ryň be­ril­me­gi bi­ziň yl­ma bo­lan hö­we­si­mi­zi has-da art­dyr­ýar.

Dil bilen köp biler

Garaşsyz Diýarymyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, onuň intellektual kuwwatyny artdyrmak üçin ylmy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň biridir. Şunda ykdysadyýetimizde bolup geçýän möhüm özgertmeler we onuň dünýä bazaryna girmegi, iňlis dilinde gürleýän hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Iňlis dili halkara aragatnaşygynyň dili hökmünde diňe bir işewürlikde däl, eýsem, dürli ugurlarda ulanylýar. Halkara derejesindäki ykdysady gatnaşyklaryň barha artmagy, telekeçileriň sanlarynyň köpelmegi sebäpli, iňlis diliniň käbir işewürlik sözleri terjime edilmezden, ähli dillerde ulanylýar. Muňa mysal edip, «diwersifikasiýa», «marketing» ýaly sözleri getirip bolar. Ylym we tehnikanyň gazananlaryny ykdysadyýete ornaşdyrmak, jemgyýetiň ähli mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek biziň döwletimiziň häzirki döwürdäki ösüş strategiýasydyr. Ony durmuşa geçirmekde ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, ykdysatçy ýaş hünärmenleriň orny uludyr. Şeýle hünärmenleri taýýarlamak, ilkinji nobatda, häzirki döwürde neşir edilýän serişdelere düşünmek, habarly bolmak, esasan, daşary ýurt dillerinde berilýän internet maglumatlaryny ulanmak üçin rus, iňlis we beýleki daşary ýurt dilleriniň çuňňur öwrenilmegini talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde ägirt uly işl

Kitaphana — ruhy hazyna

Kitaphanalar ynsanyň ruhy dünýäsiniň rahatlyk tapýan öýüdir, kitaplar bolsa jemgyýetçilik aňynyň sagdyn kemala gelmegine hyzmat edýän medeni-ruhy baýlygymyzyň egsilmez çeşmesidir. Biziň durmuşymyz, duýgularymyz we pikir giňişligimiz kitaplar bilen kämilleşýär. Ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işiniň guralyşy dünýä ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýar. Jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlarynda elektron dolandyryş ulgamyna geçilýän häzirki döwürde kitaphana işini maglumatlaşdyrmak, olarda elektron kataloglary we kitaplary peýdalanmaga geçmek, maglumat alyş-çalyş işini ýola goýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphanalara aýratyn üns berlip, yzygiderli neşir edilýän täze kitaplaryň, okuw gollanmalarynyň sany artýar we olaryň saklanylyşyna bolan talap güýçlenýär. Biziň kitaphanamyzyň alyp barýan işleri hem  ýaş okyjylaryň kitaba bolan islegini kanagatlandyrmaga, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga gönükdirilýär. Ýaşajyk okyjylarymyza  kitaphana tarapyndan gerekli hyzmatlar edilýär. Körpelere özlerine gerek bolan kitaplary aňsatlyk bilen tapmagyň usullaryny görkezýäris hem-de okyjylarymyzyň has-da köpelmegini gazanýarys. Geljekde hem kitaphana ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmakda, kämilleşdirmekde we bu ulgamy dünýä derejesine çykarmakda alnyp barylýan işlere öz goşandymyzy goşup, ýaş nesillerimiziň ylym-bilim

Galyndysyz önümçilik — döwrüň talaby

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy, hususan-da, himiýa we himiýa tehnologiýasy uly depginler bilen ösdürilýär, mineral dökünleri öndürýän, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işleýän zawodlaryň durky täzelenýär, täzeleri gurulýar hem-de olarda öz önümçiliklerimizde ulanylýan, daşary ýurtlara eksporta niýetlenen harytlar öndürilýär. Täze gurulýan şeýle önümçilikleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow galyndysyz önümçilik tehnologiýasyna geçmegiň häzirki döwrüň talabydygyny nygtap, bu ugurda anyk wezipeleri kesgitledi. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli ylmy-barlag işleriniň baş mowzugy bolan himiýa senagatynyň önümçiliklerinde ýüze çykýan ekologik meseleler boýunça yzygiderli ylmy-barlaglary geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeler türkmen himiklerini we nebitdir gazy gaýtadan işleýän hünärmenleri ylmy-barlag işlerini alyp barmaga borçlandyrýar.

Önümçiligi ylmy esasda ösdürmek ugrunda

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň agzybir işgärleri hem ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmelere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmak bilen, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin yhlasly zähmet çekýärler. Institutyň halypa alymlarydyr zähmetsöýer hünärmenleri has çuň gatlaklardan uglewodorod gorly täze ýataklary ýüze çykarmak, tassyklanan känlerde burawlanyljak guýularyň, ol guýulary ulanyşa girizmek üçin zerur bolan desgalaryň gurluşygynyň taslama-çenlik resminamalaryny düzmek we resmileşdirmek boýunça düýpli işleri amala aşyrýarlar. Şeýle hem «Nebitgazçykaryş» trestiniň nebitgaz çykaryş müdirlikleri tarapyndan işlenip geçilýän känlerde ulanylýan nebitli, gazly guýularyň kadaly iş düzgünlerini üpjün etmekde zerur bolan abatlaýyş işleriniň talabalaýyk guralmagynda ygtybarly geçirmek esasynda uglewodorod serişdesiniň çykarylyşyny artdyrmak, nebitgaz toplaýyş-taýýarlaýyş desgalaryny bökdençsiz işletmek bilen nebiti, gazy ýitgisiz ýygnap, sarp edijilere ibermek boýunça önümçilikde ýerine ýetirilýän işleri ylmy taýdan ugrukdyrmakda zerur bolan ylmy-amaly barlaglary geçirýärler.

Ylym — ösüş­le­riň ýo­ly

Ýur­du­myz­da ylym ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ýaş­la­ry­my­zyň hä­zir­ki za­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na erk edip bil­me­gi­ni ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len top­lum­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Giň göz­ýe­tim­li, ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan oňat baş çy­kar­ýan hü­när­men­le­riň nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek bi­ziň alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­ziň esa­sy mak­sa­dy bol­ma­ly» di­ýip bel­le­ýär. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myn­da ylym ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge, ýaş­la­ry­my­zyň döw­re­bap de­re­je­de bi­lim we ter­bi­ýe al­ma­gy­na, hü­när öw­ren­me­gi­ne, yl­my iş­ler bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ösü­şi­ne hem-de öz­ge­ri­şi­ne gös-gö­ni ýar­dam ber­ýän yl­my we in­no­wa­si­ýa iş­le­ri iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ga­za­nan­la­ry tap­gyr­ma-tap­gyr or­naş­dy­ryl­ýar, te­bi­gat, jem­gy­ýet, adam ha­kyn­da tä­ze bi­lim­le­riň öz­leş­di­ril­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Şo­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz­da ýaş­la­ry­my­zyň yl­my göz­leg­ler bi­len meş­gul­lan­ma­gy ba­ba­tyn­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.