"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Sungatyň dilinde halklary ýakynlaşdyryp

«Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleriň jemleýji dabarasy doganlyk döwletlerden myhmanlary, medeniýet, bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Täsirli geçen dabarada türkmen sungat ussatlary bilen birlikde, türki halklaryň medeniýet işgärleri hem joşgunly çykyşlary bilen tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar. Anargul NAZARKULOWA,Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti:

Dana Pyragy we gadymy Änew

türki dünýäniň ýaş döredijileriniň gözi bilen Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisiniň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda düzme ýazmak we surat çekmek boýunça ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi. Oňa TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary S.Raýew, türki döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň we olaryň garamagyndaky edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri gatnaşdylar.

Änewde tutulan toý

Golaýda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrlikleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi bolup geçdi. Ol wakalar — TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň Medeniýet ministrlikleriniň jogapkär işgärleriniň nobatdaky maslahaty, wekiliýetleriň resmi böleginiň Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli «Ak bugdaý» muzeýine, gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin ýadygärligine baryp görmekleridir. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy hem-de ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrlikleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi taryha altyn harplar bilen ýazyldy.

Goý, güllesin türkmen-özbek dostlugy!

Düýn — 18-nji noýabrda gözel paýtagtymyzda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine badalga berildi. Onuň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Ýüreklere ýakym paýlaýan, halklaryň dostlugyny pugtalandyrýan medeni çäreler adamzady jebisleşdirýär, dünýäni gözelleşdirýär. Muny ýylyň-ýylyna dünýä halklarynyň ata Watanymyzda, türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän medeniýet günleri, hepdelikleri-de görkezýär. Olaryň çäklerinde halklaryň milliligi, edebi mirasy, taryhy we ýaşaýyş-durmuşy... giňden şöhlelenip, dünýä jemgyýetçiliginiň bir bitewi maksady, ýagny adamzadyň hemişe gözellige, döredijilige, özgerişe hem-de asuda, abadan durmuşa bolan ymtylmasy açylyp görkezilýär.

Parahatçylygyň belent owazy

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň «Parahatçylyk owazy» atly konserti geçirildi. Konsertde Gurbangeldi Begenjowyň hem-de Kowus Bäşimowyň dirižýorlyk etmeginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Daňatar Öwezow adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Ýörite sungat mekdepleriniň ussat sazandalarydyr aýdymçylary çykyş etdiler.

«Durna guşy» bilen sylaglandy

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän festiwallaryň, maslahatlaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ählumumy parahatçylygy, halklar arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uludyr. 13 ― 15-nji noýabr aralygynda Aşgabatda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal munuň aýdyň mysalydyr. Festiwala gatnaşmak üçin paýtagtymyza Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalaryndan, Moldowadan, şeýle-de Türkiýeden myhmanlar geldiler. Oňa hödürlenen çeper hem-de dokumental filmlere dürli halklardan bolan belli kinematograflar topary eminlik etdi.

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreler jemlenildi

16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

«Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady

Mälim bolşy ýaly, 13 — 15-nji noýabry aralygynda türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlap, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Kinofestiwalyň jemleri boýunça çeper filimler ugry boýunça «Iň gowy çeper film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy ssenariý», «Iň gowy erkek keşbi», «Iň gowy zenan keşbi» baýraklary gowşuryldy. Ilkinji üç orna mynasyp bolan iň gowy dokumental filmler sylaglandy. Şeýle-de aýratyn tapawulanan wekillere türki medeniýete goşan goşandy üçin baýraklar berildi.

Änew medeniýeti: adamzadyň gymmatly mirasy

Mälim bolşy ýaly, «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, dünýä jemgyýetçiligini olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, 16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli türki döwletleriň çagalarynyň arasynda surat çekmek we düzme ýazmak ussatlygy boýunça geçirilen halkara bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Gazetimiziň şu sanynda halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolan ýaş zehinleriň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Gülendam RAHYMOWA,Türkmenistan:

Parahatçylygyň mizemez mukamy

Çagalar sungat mekdebimizde sungata ykbalyny baglan ýaşlaryň uly topary zehinlerini taplaýar. Ýaş zehinleriň uly höwes bilen gatnaýan bagşylar bölüminde hem çagalaryň 30-a golaýy ukyp-zehinlerini ösdürýär. Milli saz gurallarymyzyň içinde dutara aýratyn sarpa goýulýar. Gudrat bolup dünýä inen, ençeme asyrlardan bäri jadyly owazy bilen haýran galdyrýan dutaryň asyrlaryň dowamynda türkmeniň ruhy syrdaşyna, durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi mälimdir. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutary öwrenmäge höwesek ýaşlarymyzyň sany barha artýar. Mekdebimizde sungata ykbalyny baglan ýaşlaryň zehinleriniň taplanmagy üçin sapaklardan daşary döredijilik agşamlary, söhbetdeşlikler, konsertler yzygiderli guralýar.

Dost-doganlygyň şuglasy

Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde ata Watanymyzyň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha işjeňleşýär. Bu gün Türki medeniýetiň halkara guramasy, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynyň rowaçlanýandygy has-da guwandyrýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärelerde bu hakykat aýdyň dabaralandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy noýabrynda Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek bilen bagly geçirilen dabaralar her birimizde begenç we buýsanç duýgusyny döretdi. Dag eteginiň gözel künjeginde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertiniň hem bolandygyny bellemek juda ýakymly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Bu günki gün Änew baý taryhy-medeni kuwwatly, häzirki zaman ulgamly, uly depginler bilen ösüp, geljege tarap ynamly barýan taryhy şäherdir

16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Şol gün «Nowruz ýaýlasynda» giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşmak üçin bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem bar.

Ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly öz işini tamamlady

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Kinofestiwalyň üçünji güni Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan tanyşlyk çäresi bilen başlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Bu günki gün Änew baý taryhy-medeni kuwwatly, häzirki zaman ulgamly, uly depginler bilen ösüp, geljege tarap ynamly barýan taryhy şäherdir

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy Ahal welaýaty, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Duşuşykda döwletimiziň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipleri bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna hem-de 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, toparyň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistany 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiň agzalygyna dalaşgär hökmünde hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, üstünlikli durmuşa geçirilen we geçirilýän bilelikdäki taslamalar bu gurama bilen netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyny

Gadymy hem müdimi haly sungaty

Haly - bu mährem enelerimiziň, gelin-gyzlaryň el hünäriniň gudraty bilen döreýän nepis sungat, özem gadymy sungat. Göreniňden özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salsaň, özüň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Gadymdan bäri inçe sungat hökmünde tanalýan türkmen haly görnüşlerine teke, ýomut, beşir, ärsary, çowdur taýpa halylary girýär. Her taýpanyň, toplumyň haly gölleriniň özüne laýyk gelýän manysynyň bolmagy hem bu sungatyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyna aýdyň subutnamadyr. Munuň özi ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän, türkmen dünýäsiniň taryhyny, tebigatymyzyň gözelliklerini, zenan kalbynyň tämizligini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir. Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine taryhy maglumatlar, ylmy çeşmeler, dünýäniň muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleri, taryhçy syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan haly önümleri we beýleki maglumatlar şaýatlyk edýär. Häzirki durmuşymyzda ulanylýan halylaryň we haly önümleriniň gadymy kökleri türkmen taryhynyň gadymylygyna, onuň geçmişde beýik sungatynyň bolandygyna biziň ata-babalarymyzyň häzirki Türkmenistanyň topragynda hemişe ýaşandygyna güwä geçýär. Eneolit we bürünç eýýamlaryndan başlap türkmenleriň ata-babalarynda halyçylyk sungatynyň bolandygyny, bu sungatyň gündelik hoj

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Bu günki gün Änew baý taryhy-medeni kuwwatly, häzirki zaman ulgamly, uly depginler bilen ösüp, geljege tarap ynamly barýan taryhy şäherdir

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy Ahal welaýaty, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny giňden öwrenmek, medeniýeti we sungaty ösdürmek babatda ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek dabarasy geçirildi. Bu dabara medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri we alymlar gatnaşdylar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşan Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynda, ýazyjy-şahyrlarda, teatr, kino işgärlerinde, suratkeşlerdir aýdymçy-sazandalarda, şeýle hem beýleki döredijilik toparlarynda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-nyň ýörite kubogy, şeýle hem «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy.

Türki halklaryň döredijilik duşuşygy

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýinde çeperçilik gymmaty we özboluşly dokalyş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan haly önümleri, halkymyzyň geçmişini we şu gününi şöhlelendirýän sergi, medeni we ruhy mirasymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy gorap saklamak üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Jemleýji günde myhmanlar üçin «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç guraldy.