Rowaçlyga beslenýär medeniýetim, sungatym
«Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy içgin öwrenmek, ony has-da baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek meselesine döwlet derejesinde uly üns bermeginde çuňňur many bar. Çünki medeniýet we sungat halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda gazanan üstünliklerini, umumadamzat ösüşine goşan goşandyny özünde jemleýär. Şeýle bolansoň, biz — mugallymlar ýaş nesilleriň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň taryhyny öwrenmeklerini, sungatyň dürli ugurlary boýunça yz galdyran ussatlara hormat-sarpa goýmaklaryny, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmaga çalyşýarys.