"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Agaja dil bitiren

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, halypa-şägirtlik ýolumyz täze röwüşde dowam etdirilýär. Gadymy milli senetçiligimiz hem ajaýyp zamanamyzda täze öwüşgin, döwrebap many-mazmun bilen baýlaşdy. Senetçiligiň irki medeni-durmuş gymmatlyklaryna degişli bolan ugurlarynyň biri-de agaç ussaçylygydyr. Ine, şol günem welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde amaly-haşam sungatynyň we el işleriniň, gadymy senetçilik önümleriniň sergisine syn etmäge bardym. Şonda eline agaç böleklerini alyp, ýaşlara nämedir bir zatlary düşündirip oturan agaç ussasy bada-bat ünsümi özüne çekdi. Ol Türkmenbaşy şäherinden gelen agaç ussasy, onda-da dutar ýasamagyň ussady Orazmuhammet Orazmuhammedow eken. Ussanyň elinden çykan dutarlary synlanyňda, bagşynyň belent owaz bilen:

«Mulanyň» meşhurlygy

Çagalaryň küýsegine öwrülen «Mulan» multfilmi «Walt Disney Pictures» studiýasy tarapyndan 1998-nji ýylyň 19-njy iýunynda köpçülige ýetirilýär. Dowamlylygy 88 minut bolan bu multfilm doly göwrümli bolup, ol studiýanyň çykaran 36-njy animasiýa filmidir. «Mulan» köpçülige ýetirilen dessine, hepdäniň ahyrynda 22,8 million dollar gazandy we «X-Faýllardan» soň şol hepdäniň iň köp girdeji gazanan animasiýa filmi boldy. ABŞ-da we Kanadada 120 million dollar, şeýle hem dünýäde 304 million dollar gazanyp, «Flick's Adventuresden» soň ol ýylyň ikinji uly maşgala multfilmine öwrüldi.

Watan mukaddesligi

Watan hakynda aýdylmadyk aýdym, çekilmedik surat, ýazylmadyk goşgy ýok bolsa gerek. Aslynda, ömrümiziň manysyny, özenini düzýän Watandyr. Watanyň gadyr-gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýar. Watan seniň barlygyňdyr, arkaňdyr. Seniň ömrüň durmuş dowamlylygam öz ata Watanyňda örklenendir. Ene topraga tagzym etmek, Watanyň mukaddesligini goramak her bir ynsanyň ömür beýanydyr. Döwletliligiň berk binýadam Watanda jemlenendir. Danalaryň biri aýtmyşlaýyn: «Watan bilen ildiris, Watansyz hiç kimdiris!».

Bagtyň başga syry ýok

Ömrüň gymmaty onuň näçe günden ybaratdygy bilen kesgitlenenok. «Sanalgy» diýlip at berilýän ykbal paýy il-güne, Watana bagyş edilen zähmetler bilen doldugyça, ömrüň manysy artyp gidýär. Aslynda, bagtyňy bezemegiň şondan başga syry hem ýok, il haýryna zerre gadar yhlas etseň, göwnüň gül-pürçükli bagy-bossana, ömrüň at-abraýly aýdym-dessana öwrüliberýär. Käteler pikir bedewleriniň jylawyny ýazdyryp, ýaşaýyş hakdaky serhetsiz oý-hyýallarda at segredeniňde, ykbalyň jomartlygyna haýran galýarsyň. Ol ynsanyň bagtly bolmagy üçin zerur zady onuň hut öz ýanynda, öz alnynda häzir edip goýupdyr welin, bagtyýarlygy başga ýerlerden gözleýänleri ýatlanyňda ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Şonda birmahallar bir kitapdan okan sözlerim güpbe ýadyma düşýär: “Köp adamlaryň bagtyýarlygy tapmaýandygy, ony goýlan ýerinden däl-de, başga ýerden gözleýändigi üçindir”. Ynan, hözirli durmuşyň özeni, göwnüň giňligi, ruhuň belentligi, synaň sagdynlygy, bagtyň syry, ömrüň manysy — Watana, halka hyzmat etmekde, mukaddes topragyňy hem-de asylly ýol-ýörelgäňi hormatlamakda. Hakyky döwletlilik öz iliňde, öz döwletiňdedir. Bu ýerleriň neneňsi tebigatynyň, tebigatynyň nähili häsiýetiniň, niçiksi aýratynlygynyň bardygyny bilmeýän az-azdyr. Irki döwürlerde «Şu topragyň bereketi ýoksun, döwleti ornasyn, häsiýeti siňsin» diýip, argyşa daklyşyp, kölügli ýa-da paý-u pyýada görmäge, gezmäge gelenler, bu ýerde bir gün, bir

Wagyz-nesihat çäreleri

Öwüt-ündew edildi Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen, golaýda etrabymyzdaky 15-nji, 21-nji, 39-njy, 40-njy orta mekdeplerde duşuşyk geçirildi. Bu çäreleri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, etrap häkimligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrap polisiýa bölümi bilelikde guradylar.

«Ýaz goşgulary» şygyrlar toplumyndan

Bahar gelipdir Gözüň aýdyň, halaýyk, gözüň aýdyň, il-günüm,Kalby ýaz deýin ile gelipdir ajap bahar.Has görkana görünýär pasyrdaýşy sülgüniň,Ak dumandan ýaşmagyn bir ýan syrypdyr säher.

«Magtymguly» diýip, adyň tutsalar...

Sungata baş goşan adamlaryň akyldar Magtymgulynyň döredijiligine ýüzlenmedikleri, «Magtymguly Pyragy» atly älemi açmaga höwes etmedikleri bir barmyka?! Ondan şahyrlar öz goşgularyna gönezlik, ylhamlaryna bat alsa, bagşy-sazandalar öz köňül joşgunlaryny hut Magtymgulynyň şygyrlaryndan teselli tapmak arkaly egisýärler. Suratkeşler bolsa, şahyryň döredijilik dünýäsine seýran arkaly göz öňünde janlandyran keşplerini ýoýman, ýitirmän eserlerine geçirmek arzuwy bilen ýaşaýarlar. Diňe bir halkyň hakydasynda däl, eýsem, dünýäniň hakydasynda ýaşap bilmek, bu diňe bir öz adyň däl, eýsem, dünýä inen ýurduň, üstünde ömür süren topragyň, şatlygyňa-şatlanyp, gamly günüň derdiňi deň çekişen ildeşleriň adyny hem şol hakydada ýaşatmak diýmekdir. Elbetde, eger-de häzir Gündogaryň çäginde ýa bolmasa dünýä möçberinde bir edebi çärä gatnaşmaly bolsaň, senden beýik Magtymgulynyň Watanyndan gelendigiň üçin aýratyn üns bilen garaljagy, seniň eserleriňden kämillik ölçegleriniň gözleniljegi düşnükli. Bu bolsa eline galam alan her bir türkmeniň, ha uly bolsun, ha kiçi, ha zenan bolsun, ha erkek kişi, tapawudy ýok, öňünde uly borç goýýar. Ol hem — Magtymgulynyň dilinde ýazan şygryň ýüzüniň diňe kämillige tarap bolmalydygy...

Watany wasp edýän aýdymlar

Welaýat çagalar sungat mekdebindäki hor topary geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan bäri hereket edip gelýär. Mekdepde sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan çagalaryň ählisi diýen ýaly bu topara agza boldular. Mekdebimizdäki hor topary şu günler hem şanly baýramçylyklarymyza täze aýdym-sazlar bilen sowgatly barýar. Meniň bu topardaky iş tejribäm mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş. Şu ýylyň 1-nji awgustynda zähmet ýoluma başlanyma 30 ýyl bolýar. Geçen ýyllaryň içinde ýolbaşçylyk eden çagalar hor toparlarymyz bilen türkmen kompozitorlarynyň we dünýä aýdym-saz hazynasynyň eserleriniň köpsanlysyny öwrenip, toýdur baýramlarymyzda ýerine ýetirdik.

Togsan dolup, ýere ýyly gidende...

Dogrudanda, togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, tebigatyň keşbinde täsin ýagtylygy, özgerişligi, janlanyşy, ruhy galkynyşy duýmak bolýar. Gözbaşyny şol ýagtylykdan, janlanyşdan alyp gaýdýan baharda ynsanyň dünýäsini özgertmek ukyby bar. Şeýle ylahy güýje eýe bolan bahar diňe bir şahyrlaryň däl, eýsem, ähli adamlaryň ýürek joşgunlarynyň sakasydyr. Sebäbi baharda her bir adamyň süňňi ýeňläp, täze işleriň başy başlanýar. Şu günki ýaly ýadymda, bahar geldigi, ejem: «Öňki tamdyrymyz hem durubersin! Men size täzeje tamdyrdan çörek iýdireýin!» diýip, tamdyryny, şeýle hem ak öýümiziň gyşda ýakylan otdan garalyp duran üzükdir durluklaryny, serpigini täzelärdi. Şol barmanada «düýämiz botlady» diýen ýaly hoş habarlar gelip, owlakguzularyň mäleşýän sesleri eşidilip başlardy. Ene topragy diýsene! Oňa atan tohumynyň müňläp gitjekdigine ynanýan, herki pursatdada topraga daýanýan daýhanyň bolsa eýýämden bili guşalandyr. Özüçe hiňlenip, ýer depip, çekýän zähmetinden lezzet alyp ýörendir...

Aýdym-saza maýyl göwün

Watanymyzda özüniň aýdym-saz sungaty bilen halkyň söýgüsini gazanan sütün halypalar sanardan kän. Olaryň goýup giden mirasy saz sungatymyzyň genji-hazynasyna girendir. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýagmyr Nurgeldiýewdir. Şu ýerde, öňi bilen, onuň nusgawy şahyrymyz Şabendäniň «Şabährem» dessanyndan aýdylýan «Bu jennetdir» aýdymy özbaşdak saz görnüşinde ýokary ussatlyk derejesinde çalmagy kärdeşlerine-de, şägirtlerine-de nusgalyk derejesinde bolandygyny ýörite belläp geçmelidiris. Halypanyň kämillik derejesine onuň kärdeşleri, sungaty öwrenijiler hem uly baha berýär. Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Ata Ablyýew Ýagmyr Nurgeldiýewi ýatlan mahaly şeýle gürrüň beripdi:

Kitap — egsilmez hazyna

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyzda kitaphanalaryň işleriniň düýpli kämilleşdirilmegi, olaryň elektron görnüşli kitaplar, pudaklaýyn kataloglar we bibliografik kartotekalar ulgamlary bilen üpjün edilmegi giň gerime eýe bolýar. Elbetde, munuň özi mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlarymyzyň dünýägaraýşyny, kitaba, bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de döwletimiziň, tutuş jemgyýetimiziň mundan beýläkki ösüşlerine uly ýardam edýär. Kitaplar — mähriban halkymyzyň egsilmez baýlygy. Şunda kitaphana işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, kitaphanalarda täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, kitaphana işini dünýä ölçeglerine laýyklykda guramak, neşir önümleriniň hilini ýokarlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek babatdaky möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Kitaphanalarda döwrebap tehnologiýalar arkaly yzygiderli maglumat alyş-çalşygy ýola goýulýar we elektron kitaplar ulgamy döredilýär. Mekdep okuwçylarynyň kitaplar bilen üpjünçiligi birkemsiz berjaý edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi ösdürmekde bitiren beýik işleri, döredijilik äleminde ählimize görelde bolmagy, kitap önümçiligini, neşirýat, çaphana işlerini aýratyn üns merkezinde saklamagy bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmenistan — Beýik Ýüpe

Şygryýet älemi

Parahat, rahat günler bizdedir Gowlugyň gadyryn biler garaşan,Aý bilen, Gün bilen asman alyşar.Berkarar ýurda bagt ýaraşar,Parahat,  rahat günler bizdedir.

Bagtyýarlyk joşguny

Golaýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebinde «Edebim — mertebäm» atly wagyz-nesihat we döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan edep-ekramlylyk, dilewarlyk we eli çeperlilik, şeýle hem talyp ýaşlaryň döredijilige bolan gyzyklanmalary, olara okamaklary we öwrenmekleri üçin döredilip berilýän giň gerimli mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatyň esasy maksady hem ýurdumyzda gelin-gyzlara goýulýan çuňňur hormat-sarpa dogrusynda ýaşlara giňişleýin düşünje bermekden ybarat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan öňegidişliklere, özgerişliklere, bitirilýän beýik işlere buýsançly gürrüňler dabarada edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Wagyz-nesihat we döredijilik duşuşygynyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillere okamaklary, döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

Wagyz-nesihat çäreleri

Ylmy-amaly maslahat Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň guramagynda, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli TDP-niň Ýolöten etrap komitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata TDP-niň welaýat komitetiniň, etrap häkimliginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Onlaýn ussatlyk sapagy

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ermenistan Respublikasynyň Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasy bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly ussatlyk sapagy guraldy. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sagdyn, dörediji we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Sanlylaşdyrmak — dünýä ösüşiniň esasy şerti. Ol biziň gündelik durmuşymyza we hünär işimize barha işjeň ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýär» diýip belleýär. Şuňa laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça maddy-enjamlaýyn binýat pugtalandyrylýar. Talyp ýaşlara berilýän bilimi baýlaşdyrmakda, dünýä ülňülerine laýyk getirmekde uly işler alnyp barylýar.

Magtymguly diýlip tutulýar adyň!

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede dabaralandyrmak baradaky Kararyna köňülnama Aýlar-günler beýik işlere beslenende, wagt örän tiz geçýär. Türkmeniň beýik şahyrynyň, hormatly Prezidentimiziň sözi bilen aýdanymyzda, türkmeniň kalbynyň şahyry hezreti Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny uly dabara, şatlyk-şagalaň bilen bellänimiz düýn ýalydy. Ine, bu gün bolsa onuň 300 ýyllygyny halkara derejede bellemegiň ýakymly aladasyna ulaşdyk. Hemişe bolşy ýaly, il-gün ähmiýetli ähli işlere döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň baştutanlygynda girişilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini dabaralandyrmak işlerine-de Arkadag Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul eden Kararyna laýyklykda girişildi. Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýubileýi deňli-derejeli, beýik şahyrymyzyň mertebesine laýyk geçirmek üçin ýörite guramaçylyk toparyny döretmegi tabşyrdy. Aýratyn bellemeli zat — ýubileý dabarasyny geçirmeklige toplumlaýyn çemeleşmeli. Ine, şeýdip, halkymyzyň göwnünde besleýän ýene bir arzuwyny amala aşyrmak işine girişildi.

Saz bilen ýaşaýan halypa

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, halypalar özleriniň durmuşy, döredijiligi bilen sungaty nesilden-nesle ýetirmekde aýratyn hormata mynasypdyr. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Amanöwez Saparowdyr. Halypany öňden tanaýan hem bolsam, ol hakda bilmeýän zatlarymyzyň entek gaty kän ekendigini şu makalany ýazmak üçin tanşan maglumatlarymyz ýene bir gezek görkezdi. Pespäl, kiçigöwünli, belent adamkärçilikli ynsan hökmünde onuň milli aýdym-saz sungatymyz, sütün halypalar hakda berýän gürrüňlerini diňlemek hemişe-de ýakymly täsir galdyrýar. Ýöne bu gezek welin, düýbünden başgaça boldy. Halypa göýä, özüm hakda, goý, işlerim gürrüň bersin diýýän ýaly, haýsy maglumatlardan peýdalanyp boljakdygynyň salgysyny berdi.

Bir pursatlyk sowal-jogap

Döwrümiziň bagtyýar nesilleriniň pikirlerini, garaýyşlaryny bilmek maksady bilen, çagalaryň birnäçesine aşakdaky iki sowal bilen ýüz tutduk: 1. Hut şu pursat surat çekmeli bolsaň, nämäniň suratyny çekersiň? 2. Edil häzir bir aýdyma hiňlenmeli bolsaň, ol haýsy aýdym bolar?

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Çagany ýaşlykdan hünäre ugrukdyrmak halkymyzyň nesil terbiýesinde gadymdan gelýän ýörelgesi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu ýörelgämiz rowaçlyklara beslenýär. Balkan welaýatynyň Serdar şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli çagalarynyň taýýarlan el işlerini synlanyňda, olaryň sungata bolan söýgüsi kalplara buýsanç duýgusyny bagyşlaýar. Çagalaryň döreden amaly-haşam hem-de nakgaş eserlerinde halkymyzyň geçmiş taryhy, häzirki bagtyýar zamanamyzyň waspy inçelik bilen beýan edilýär. Eserler milli nagyşlaryň täze öwüşgini bilen sazlaşykly reňklerde bezelýär. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda olaryň redaksiýamyza ýollan eserleriniň käbirlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Arkadagly döwrüň joşgunly waspy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygary astynda welaýatymyzda medeni çäreler, döredijilik duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, aýdym-sazly dabaralardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen aýdym-sazly dabara bolsa, şol çäreleriň üstüni ýetirdi. Ahal welaýat we Gökdepe etrap häkimlikleri, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary, welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guralan dabara dürli kärdäki we hünärdäki ildeşlerimiz gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylar üçin medeni ojagyň giň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredildi.