Akyldar hakynda söhbet
Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, halypa şahyr Süleýman Ilamanow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzyň medeniýet, sungat, edebiýat işgärlerine uly ylham, joşgun eçildi. Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýundan ruhlanyp, Süleýman Ilamanow hem Magtymguly Pyragynyň paýhas ummanyna salgylanyp, täze şygyrlar toplumyny döretdi. Şahyryň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Magtymguly. Dünýä. Ýaşaýyş» atly şygyrlar ýygyndysy bu gün okyjylara gowuşdy. Duşuşykda halypa şahyr dana Pyraga bagyşlanan şygyrlarynyň döreýşi barada kitaphana işgärlerine gürrüň berdi we goşgularyndan okap berdi. Ynsan köňlüniň kämilligini ykrar edýän goşgular diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Sorag-jogaply, täsirli geçen duşuşykdan soň, şahyr kitabynyň bir nusgasyny kitaphana sowgat berdi.