Täze üstünliklere tarap
Bir-biriniň üstüni ýetirýän toýly günlerde halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onda ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini mundan beýläk hem pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan ýaşaýyş-durmuşyny berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu babatda täze wezipeler kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde çuň manyly çykyş edip, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermäge Halk Maslahatynyň ýakyndan gatnaşýandygy, degişli işleri durmuşa geçirýändigi barada belläp geçdi. Milli Liderimiz öz çykyşynda dürli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly wezipeleriň hem üstünde durup geçdi. Oňa laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, bu ugurda zähmet çekýän pedagoglaryň hünärini ýokarlandyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, yn