"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak boýunça Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegleri nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallary we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Beýik işler bilen galkynan Watan

Gün nurunyň äleme şugla salşy deýin, halkymyzyň alnyndan dogan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik işleriň rowaçlanýan, döwletli tutumlaryň äleme ýaýylýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär. Her bir gelýän günler, gadam basýan ýyllar ýurdumyza şan-şöhrat, abraý-mertebe getirýär. Tamamlanyp barýan ýylyň taryhy wakalaryna ser salanyňda, bu hakykata magat göz ýetirýärsiň. Edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenip geçilen 2024-nji ýyl hem ata Watanymyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende galdyran şanly ýyllaryň biri boldy. Söze sarpa goýup bilýän ýürekleriň teşneligini gandyran bu ýylda Ýer ýüzünde şygyrlary mukaddeslige deňelýän Magtymguly Pyragynyň ýubileý toýy toýlandy, goşgy okaldy, aýdym aýdyldy. Ynsan ömri hemişe ajaýyplyklara teşne. Şol teşneligi söz bilen gandyryp bilýän şygyr sungatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn uly ähmiýet berildi. Munuň esasy sebäbi hem ýylymyzyň şygarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyza bagyşlap döreden ajaýyp goşgusyndan gözbaş almagydyr.

Tanyşdyrylyş dabarasy

Şöhratly taryhyň buýsançly söhbedi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabara geçirildi.

Belent ykrarly şäher

Döwrüň beýik gudraty diýlip ykrar edilen Arkadag şäheri täze taryhy döwürde şäher gurluşygyndaky döwrebaplygy, ekologiýa bilen sazlaşyklylygy we ýurdumyzyň innowasion ösüşini alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadag şäherini diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň nusgalyk şäherine öwürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu hakykat şäheriň dünýäniň abraýly guramalarynyň halkara güwänamalarydyr baýraklaryna mynasyp bolmagynda has äşgär görünýär. Awstriýanyň Wena şäherinden gelip gowşan Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragy we güwänamalary hem Arkadag şäheriniň nobatdaky halkara üstünligidir. Täze şäheriň binagärlik we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän görkezijilerine berlen bu ýokary baha ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem ol täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Ýagny Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alynmagy, olaryň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy esasynda tassyklanylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri

Jemgyýet we kanun

Döwletiň ösüşiniň kepili Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-baýramly günlerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirilip, onda döwletimiziň ösüşini kepillendirýän birnäçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup, ol giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Ol döwletimiziň ähli pudaklarynyň we welaýatlarynyň ykdysady ösüşiniň durnukly depgininiň saklanylmagyna, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, döwlet çykdajylarynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň durmuş bagtyýarlygynyň berkidilmegine gönükdirilendir.

Syýasy işjeňlik — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşyň hemme tarapyny öz içine alýan ägirt uly işler amala aşyrylýar. Gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan parasatly döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty Türkmenistanyň ösüş syýasatynyň düýp özenini düzýär. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň baş maksadynyň adam hakyndaky aladadygyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeginde, ähli pudaklarynda alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan il bähbitli özgertmeler, ýerine ýetirilýän wezipeler we göz öňünde tutulýan belent maksatlar aýdyň subut edýär.

Notarial işinde maglumat howpsuzlygy

Tehnologiýalaryň we internet ulgamynyň giň gerim bilen ýaýbaňlanýan döwründe adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy dünýäniň maglumatlar gurşawy bilen işjeň baglanyşygy emele getirýär. Tehnologiýalaryň sanly mümkinçilikleri maglumatlaryň elýeterliligine we howpsuzlygyna öz täsirini ýetirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmek we raýatlara edilýän hukuk hyzmatlarynyň döwrebaplygyny gazanmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Aýratyn hem, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň notarial edaralarynyň arasynda elektron resminama dolanyşygy, bir bitewi maglumat ulgamy döredildi. Bu Kanunda görkezilen kadalara laýyklykda maglumatlaryň howpsuzlygyny, goraglylygyny we şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygy doly üpjün edilýär. Şeýle hem «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynda «Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamy» hakynda giňişleýin beýan edilýär. Bir bitewi maglumat ulgamyny döretmegiň, saklamagyň, hereket etmeginiň we peýdalanmagyň, şeýle hem onda saklanýan maglumatlary bermegiň tertibi kanun esasynda kesgitlenilýär we maglumatlaryň goraglylygy kepillendirilýär. Kanunda bir bitewi maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlara ygtyýarly we maglumatlary işläp taýýarlamagy amala aşyrýan adamlar kesgitlenil

Hepdäniň habarlary

Şanly ýylymyzyň waspçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, TDP-niň welaýat komitetiniň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Magtymguly Pyragy —  umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Bazar bolçulygy — baýramçylyk şatlygy

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň şatlyk-şowhuny çar ýanymyzy gurşap alýar. Bu dabaralar güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, biziň gojaman hem nowjuwan Daşoguz topragymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Welaýatymyzyň zähmetsöýer ilaty taryhymyza zer ýazgylary bilen girýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny egsilmez üstünliklere, rowaçlyklara beslemek bilen, Täze — 2025-nji ýyly tutumly, döwletli işleri durmuşa geçirmek ruhunda mynasyp garşylaýarlar. Muňa baýramçylyk dabaralarynyň giňden bellenýän günlerinde welaýatymyzyň uludan-kiçi ähli raýatlarynyň ýüz-gözlerindäki şatlyk hem-de döwre hoşallyk duýgulary aýdyň şaýatlyk edýär. Baýramçylygyň öň ýanynda  ak bazarlarymyzda giňden guralýan söwda hyzmatlary hem alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar.

Döwletliligiň nyşany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly belent şygara beslenen şanly ýyl bagtyýar halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Daşoguz şäherindäki ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyndan ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň eýesi bolmak bagtynyň maňa-da nesip etmegi ömrüme mazmun, täze röwüş bagyşlady. Çünki merdana halkymyzda täze jaýly, öýli-ojakly bolmak uly döwletlilik hasaplanýar. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýlary täze taryhy döwrüň halkymyza eçilýän bagtyýarlygyny, il-günümiziň abadanlygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek ugrunda oýlanyşykly döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze taryhy döwrüň bu uly bagtyndan serpaýly bolandygymyza, täze jaýda döwletli, agzybir maşgalamyz bilen Täze ýyly garşylajakdygymyza bolan buýsanç göwünlerimizi ganatlandyrýar.

Terbiýe mekdebi

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda mähriban kyblasy Berdimuhamet aganyň ömür, durmuş ýoly barada giňişleýin beýan edilýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň «Älem içre adam gezmez, at gezer» diýip belleýşi ýaly, Berdimuhamet aganyň türkmen halkynyň arasynda bitiren hyzmatlary örän uludyr. Muny Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden aýdyň görmek bolýar. Romanyň baş gahrymanynyň durmuşyň dürli ugurlaryndaky iş-gatnaşyk tutumy zähmetsöýerligiň taýsyz nusgasydyr. Şeýle tutumda çekilýän zähmetiň psihologik ýerligi hökmünde işiň gidişinden alynýan kanagatlanma, syzylýan lezzet hem şahsyýetiň özüni alyp barşynyň özboluşly hereketlendirijisine öwrülýär.

2024-nji ýyl meniň durmuşymda

Satgan GURBANOW, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:

Bosagada — Täze ýyl!

Ýylyň ýyldan parhy köp Türkmenlerde ýörgünli senenamalaryň biri hem müçe ýyl hasabydyr. Türkmen aga müçe ýyllary boýunça islendik adamyň ýaşyny kesgitläp, uzak möhletleýin howa çaklamasyny berip bilipdir. Adamyň ýaşyny kesgitlemek üçin, onuň müçe ýylynyň haýsyna degişlidigini bilmek ýeterlik bolupdyr. Her bir çaga ýaşlygyndan onuň haýsy müçe ýylynda doglandygyny ene-atasy tarapyndan onuň kalbyna guýlupdyr. Müçe ýyl atlaryny ýeňiljek ýatda saklamak üçin, aşakdaky iki setiri gaýtalamak ýeterlik bolupdyr:

Beýik başlangyçlar rowaç alýar

Parahatçylyk — adamzadyň bähbidi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly ösüş depgini halkara giňişligindäki ýylsaýyn ýokarlanýan abraýynyň täze belentliklere çykýandygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu guwançly ýagdaý hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini doly subut edýär.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Şöhratly taryhyň we milli mirasyň ýaňy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni guwandyryjy wakalara beslenip, halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu taryhy ýylda il-günümize ýapylýan sowgat-serpaýlar köňüllere ylham paýlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp kitaplaryň halkymyza peşgeş berilmegi türkmen edebiýatynyň sarpasyny has-da beýgeldýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň neşir edilen «Taryhy syýahat» we «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan iki bapdan ybarat «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem il-günümiz üçin toý sowgady boldy.

Şanly ýylyň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly taryhy wakalara beslenip tamamlanyp barýar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleri bilen şöhratlanýan ýylymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Üstümizdäki ýylda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmekde, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda belent sepgitlere ýetilýär. Şeýle döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýuny toýlamak bilen utgaşdyrylmagy şanly ýylymyzda guwanjymyzy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýy diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde-de giňden bellenilip geçildi we geçilýär. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň dürler hazynasy bolan edebi mirasynyň belent sarpasynyň ýaňy bolup alyslara aşýar.

Nesilleriň ylham çeşmesi

Ýurdumyzyň çar künjünde bolşy ýaly, harby kämilligiň mekdebi hasaplanýan Türkmenistanyň Serhet institutynda hem Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap şöhratly geçmişimiziň belent waspnamasy bolup, halkymyzyň hakydasyna doldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderine döredijilik äleminde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr.

Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

Bagtdan paýly nesiller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ählitaraplaýyn pajarlap ösýär. Şeýle bolansoň bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan.

Mähriban okyjym!Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar. Şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä medeniýetine nusgalyk ösüşler hem-de açyşlar ýatyr. Arheolog alymlarymyzyň yzygiderli alyp barýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde topragyň gatlaryndan taryhy gatlaklaryň syryny çöşleýän täze-täze tapyndylar ýüze çykarylýar. Milli medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenýän alymlarymyz daşary ýurtlaryň meşhur kitaphanalaryndan türkmen halkynyň baý edebi mirasyna degişli gadymy golýazmalaryň nusgalaryny ýurdumyza getirýärler. Türkmen halkynyň taryhy bilen gyzyklanýan daşary ýurtly hünärmenler hem bu ugra dahylly öz ýurtlarynda bar bolan ylmy-edebi mirasymyza degişli eserleri, kitaplary bize sowgat edýärler. Ygtybarly ylmy çeşmeler esasynda täze-täze ylmy maglumatlaryň peýda bolmagy türkmen halkynyň taryhyna täzeçe hem-de köptaraplaýyn nazar aýlamaga iterýär. Şeýle asylly maksatdan ugur alyp, mähriban okyjym, halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlarymy — şu kitabymy siziň bilen paýlaşmak isleýärin. Bu kitabymyň esasy maglumat çeşmesi hökmünde mundan owal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen d

Baş arçanyň ýalkymy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-nji dekabrynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şeýle-de paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak dabaralary geçirildi. Bu dabara täze taryhy eýýamyň şanly ýylynyň ösüşler bilen jemlenip, geljek ýyla uly ynam bilen gadam basyljak ajaýyp günleriniň başlangyjy boldy. Ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine, medeni merkezlere, sungat ojaklaryna, bilim-terbiýeçilik edaralaryna, önümçilik desgalaryna seýran eden Aýazbabadyr Garpamyk welaýatlarymyzda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň, Arkadag şäherinde «Arkadag Binasynyň», paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Älem» medeni dynç-alyş merkeziniň öňündäki baş arçalaryny yşyklandyrdylar. Şadyýan çagalaryň baýramçylyk şatlygy, goşgularydyr aýdym-sazly çykyşlary bu dabaranyň şowhunyny öňküden-de artdyrdy.