"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Düzgünler berjaý edilmelidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary, şol sanda ýol-ulag ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar. Muňa ulag serişdelerini tehniki barlagdan geçirmekligiň düzgünleriniň kämilleşdirilmeginiň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ulag serişdeleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň bellige alyş we synag birliklerinde hasaba alnan ýeri boýunça tehniki barlagdan geçirilýär. Ulag serişdeleriniň tehniki barlagyny geçirmegiň esasy maksady ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyna baha bermekden, olaryň sanyny, degişliligini we bellige alyş maglumatlaryny deňeşdirmekden ybaratdyr. Ýuridiki hem-de fiziki şahslar özlerine degişli ulag serişdelerini tehniki barlagdan geçirişe getirmäge borçly bolup, fiziki şahslar ulag serişdesiniň san belgisiniň soňky sanyna laýyklykda degişli aýda, ýuridiki şahslar bolsa meýilnama boýunça göz öňünde tutulan möhletde degişliligi boýunça ulag serişdelerini bellenilen ýere getirmelidirler. Ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýy enjamlary we serişdeleri ulanmak bilen ýa-da olary ulanmazdan gözden geçirmek arkaly ýerine ýetirilýär.

Ýol abat — il abat

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda etrabyň 2-nji çagalar bagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň hem-de çagalar baglarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda guralan çärede çykyş edenler ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek, esasan-da, sürüjileriň awtoulaglary ýokary tizlikde dolandyrmaklarynyň gadagandygy, el telefonynda gepleşilýän wagtynda ulaga erk etmeli däldigi hem-de awtoulagyň guratlygyny gözden geçirip durmalydygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söwda toplumynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde meýilnama laýyklykda, zähmet düzgün-tertibi berkitmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen, düşündiriş, öňüni alyş boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň direktorlarynyň orunbasarlary, işgärler bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň başlyklary, şeýle-de kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory S.Geldiýewiň alyp barmagynda geçirilen çärede Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlygy M.Jumaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, polisiýanyň podpolkownigi N.Halymow, Türkmenitanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň wekili, polisiýanyň maýory J.Pygyýew dagy degişli mowzuklar boýunça giňişleýin çykyş etdiler.

Söwda bilen baglanyşykly sözler

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). LYBAS — egin-eşik, eginbaş, geýim.

ABU ALY IBN SINANYŇ ÖZ PERZENDINE BEREN NESIHATLARYNDAN

Sözlän mahalyň elleriňi hereketlendirme. ***

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

Mani ýa-da pul harplygy

Bodo ŞEFER (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Döredijilik bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giňden, uly ruhubelentlik bilen bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde şanly Garaşsyzlyk toýumyz mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler baky bagtyýarlyga beslenip, mähriban halkymyzyň her birinde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrýar. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan eziz Diýarymyzyň her bir güni bolsa ajaýyp pursatlardan doly. Ine, şeýle ajaýyp günlerde, has takygy, 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymgulynyň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen dabara ýurdumyzyň mugallymlary, bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi giňden wagyz edilýär, ýaş nesill

Yn­san­per­werlik kö­me­gi

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­zyň dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­men-ow­gan ser­he­din­de Ar­ka­da­gyň ak ýo­ly bi­len Ser­he­ta­bat — Hy­rat gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, elekt­rik, ulag we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li, döw­let Baştu­ta­ny­my­zyň Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ha­sa­by­na goň­şy Ow­ga­nys­ta­na yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň ibe­ril­me­gi hem mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Ge­ňeş­li bi­çi­len don gys­ga bol­maz

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Pe­der­le­ri­mi­ziň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­nyp, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň, kü­müş saç­ly ene­le­ri­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň, röw­şen gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň gat­naş­mak­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän Halk Mas­la­ha­ty hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň, bi­rek-bi­re­ge hor­mat-sar­pa­sy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­nyň ny­şa­ny­dyr. Hal­ky­myz­da uly­ny sy­la­mak, ola­ra sa­la sal­mak döw­let­li­lik sa­ýyl­ýar. «Ge­ňeş­li biçilen don gys­ga bol­maz», «Ge­ňeş­li sa­la­mat bo­lar», «Ýe­di öl­çäp, bir kes» diý­len na­kyl­lar türk­men hal­ky­nyň her bir işi mas­la­hat­ly ed­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar. Bir sup­ra­nyň ba­şyn­da jem­le­nip, mas­la­hat et­mek, bi­rek-bi­re­ge sa­la sal­mak il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­riň ag­zy­bir­lik bi­len çö­zül­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

­«Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň tä­ze sa­ny oky­jy­la­ra go­wuş­dy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky «Arkadag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň 20-nji sa­ny çap­dan çyk­dy. Elekt­ron ne­şi­riň ýu­bi­leý sa­ny onuň şu ýyl­da­ky se­ki­zin­ji sa­ny­na ga­bat gel­di.

Ýol­lar asu­da — il­ler abadan

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 In­di bir­nä­çe ýyl bä­ri asyl­ly dä­be öw­rü­lip, do­wam edip gel­ýän «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk çä­re «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da hem ba­dal­ga ber­lip, giň ge­rim­de do­wam ed­ýär. Bu çä­rä­niň her ýyl­da ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de, Aş­ga­bat we Arkadag şä­he­rlerin­de, we­la­ýat­la­ry­myz­da, şä­her­le­ri­miz­de, kö­çe­ler­de, ýol­lar­da ýol he­re­ke­ti­ne gat­naş­ýan dür­li ky­sym­ly ulag­la­ryň sü­rü­ji­le­ri, py­ýa­da ýo­lag­çy­lar ta­ra­pyn­dan ýol-he­re­ket düz­gün­le­ri­niň do­ly de­re­je­de ber­jaý edil­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.

Küşt oý­nu­nyň ta­ry­hy­na ser sal­sak

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Küşt oý­ny öz göz­ba­şy­ny ta­ry­hyň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar, ýag­ny ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä küşt oý­ny dür­li dö­wür­ler­de dür­li dil­ler­de dür­li at­lar bi­len at­lan­dy­ry­lyp­dyr, onuň oýun hök­mün­de ýü­ze çyk­ma­gy­na, tak­my­nan, 2000 ýyl tö­we­re­gi wagt ge­çen­dir diý­lip çak­la­nyl­ýar. Küşt oý­ny Hin­dis­tan­da dö­räp­dir diý­len çak­la­ma­lar öz göz­ba­şy­ny V-VI asyr­lar­da Hin­dis­tan­da küşt oý­nu­na ça­lym­daş oý­na­lan «ça­tu­ran­ga» oý­nun­dan alyp gaýd­ýar, şol dö­wür­ler­den bä­ri bu oý­nuň dür­li ýurt­lar­da we dür­li dö­wür­ler­de dür­lüçe at­lan­dy­ry­ly­şy bo­lup, bu­la­ryň äh­li­si hem soň­ra dün­ýä ýü­zün­de spor­tuň bir gör­nü­şi hök­mün­de oý­na­lyp baş­la­ýar. Ol adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­ne öw­rül­di.

Ynam hyýallary hakykata öwürýar

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Hemme üstünlikleriň gözbaşy ynamdan başlanýar. Her bir herekediň, her bir işiň, bu işiň netijeliligine, bu işiň peýdalylygyna ynanan adam bu ýolda uly üstünliklere eýe bolýar. Muňa mysal, türgen sportdan baş alyp çykjagyna ynanmasady, türgenleşige başlamazdy. Eger, bu ynam bolmasady, biz sportda dünýä rekordlaryny görmezdik. Basketbol sportunyň ýyldyzy Maýkl Jordan egindeşleriniň arasynda özüniň bökmek we topy tora düşürmek ukyby bilen däl-de, ilki bilen, özüniň örän agyr türgenleşikleri bilen tanalardy, sebäbi onuň özüne bolan ynamy güýçlüdi. Bu ýolda üstünliklere ýetjegine aňryýany bilen ynanýardy we munuň üçin oňa uly hormat goýýardylar. Hatda ýyldyz basketbolçy hökmünde tanalmaga başlanandan soňam, bu beýik basketbolçy agyr türgenleşiklerini birjigem goýan däldir. Çünki ara sähelçe müňkürligiň ýa-da sähelçe kynçylygyň düşmegine ýol bermeýärdi. Sebäbi ynam her kimde deň bolmaýar, adamlar sähelçe kynçylygyň netijesinde ynamlaryny ýitirmek bilen bolýarlar, dessine ruhdan düşüp, niýetlerinden we maksatlaryndan el çekýärler. Ynamly adamy beýlekilerden tapawutlandyrýan ilkinji zat bolsa, olaryň ynamlarynyň ägirt uly, hatda çäksiz bolmagydyr.

Nädip üstünlik gazanmaly?

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 «Adam ar­zuw­syz bol­maz, guş ga­nat­syz» diý­li­şi ýa­ly, adam dün­ýä inen­de ar­zuw­la­ry bi­len dün­ýä in­ýär diý­sek ha­ky­kat­dan daş düş­me­ris. Di­ňe ça­ga­lar däl, eý­sem uly ýaş­ly­lar hem öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin ar­zuw ed­ýär­ler. Üs­tün­lik ga­zan­mak bol­sa ada­myň ar­zuw­dyr-is­leg­le­ri­niň ädim-ädim ama­la aşyp bar­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir.

Dünýäni bezeýän Watan waspy

Şu gün — 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХV maslahaty boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 33 ýyllygyna  bagyşlanyp geçirilýän maslahata daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan wekiller hem gatnaşdylar.

Umumytürkmen maslahaty geçirildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik Guramalary merkeziniň mejlisler zalynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ХХV maslahaty geçirildi. Oňa Birleşigiň daşary ýurt bölümleriniň wekilleri, ýerlerdäki şahsy we köpçülikleýin agzalary, ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik, medeniýet... ulgamlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän ildeşlerimiz hem-de talyp ýaşlarymyz gatnaşdy.

Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar

Kitap ynsany, ynsan bolsa dünýäni özgerdýär. Okumyş adamyň dünýägaraýşy hemişe giň, içki pikirleri has-da baý, söz baýlygy bolsa diýseň ösendir. Şoňa görä-de, dünýäniň islendik künjeginde kitabyň iň gowy sowgat hasap edilýändigini, hatda käbir döwletlerde munuň milli däplere, hormat nyşanyna öwrülendigini hem aýtmak bolar. Bu hakykata 10-njy sentýabrda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň durky döwrebap görnüşde täzelenen 3-nji kitap dükanynyň açylmagy mynasybetli guralan kitap şüweleňinde aýdyň göz ýetirdik.

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

Berkarar döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçiriljek taryhy mejlisine ýokary guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy. Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bagtyýar ildeşlerimiziň eşretli durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda halkymyzyň geňeş etmek däbiniň täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle mazmunly wagyz-nesihat çäresi Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde hem geçirildi. TDP-niň welaýat we Daşoguz şäher komitetleriniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň jemgyýetçilik ähmiýeti hakynda täsirli söhbet edildi. Çykyşlarda raýatlaryň, esasan hem, ýaşlaryň we çagalaryň ýol hereketiniň kadalaryna jogapkärçilikli çemeleşmegini gazanmak babatda durmuşa geçirilýän zerur çäreler öz beýanyny tapdy.