Wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şu günler biraýlygyň çäklerinde geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, gözükdiriji amaly okuwlar baý mazmuna eýe bolýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli Daşoguz garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň guramagynda welaýatyň çägindäki harby bölümleriň şahsy düzümleriniň we harby mekdebiň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle mazmunly wagyz-nesihat çärelerinde köp gatnawly köçedir ýollaryň islendik ýerinden kesip geçmän, ýolyşyklaryň bar ýerinden, ýörite geçelgelerden geçmelidigi, ýol hereketiniň ähli düzgünlerini doly berjaý etmegiň zerurdygy hakynda düşündiriş işleri geçirilýär.