Döwletli maslahat
«7/24.tm»: №40 (227) 30.09.2024 Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňümizde uly wezipeler durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagy, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwerlik kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmegi hem-de ylmy taýdan beýan etmegi, Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmünde ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologiýa, binagärlik ýadygärlikleri